Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabarasy turuwbaşdan ýatda galyjy wakalara beslendi.
Ýurdumyzda watansöýüji, lebzine ygrarly nesilleri kemala getirmekde netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle asylly işleri amala aşyrmakda ýurdumyzyň her bir garyş topragyny, garadan gaýtmaz pederlerimiziň watançylyk ruhuny kalbyna siňdirip goraýan merdana Watan goragçylarymyzyň hyzmaty örän uludyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny sylaglamak dabarasy ýurdumyzda her bir adamyň zähmetine mynasyp baha berilýändiginiň ajaýyp beýany bolup, olary täze üstünliklere ruhlandyrdy.