Görki gülden nurana

2 Oktýabr 2024
355

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalaryndan, döwletli tutumlaryndan ugur alnyp, eziz Watanymyzyň ýüregi, ak mermerden bina bolan merjen paýtagtymyzy mundan beýläk hem ösdürmek, kämilleşdirmek ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabadyň çägini köpugurly şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalary esasynda bina edilýän desgalaryň gurluşyk işleri gurşap aldy. Olaryň birnäçesiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylymyzda ýakynda uly şatlyk-şowhun bilen bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi bolsa bagtyýar halkymyza ajaýyp toý sowgady boldy.

Özüniň ençeme desgalarynyň binagärlik aýratynlyklary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun alan mähriban paýtagtymyzyň her bir binasy, şaýollarydyr köçeleri, goýry kölegeli, belent başly gür baglyga bürenip oturan seýranly seýilgähleri, şirin owazly suw çüwdürimleri, nurana gijelerini gündizlik deýin aýdyňladýan yşyklandyryş ulgamy özüniň kämilligi, gözelligi bilen haýran galdyrýar. Aşgabadyň görkana keşbinde häzirki zamanyň ösen şäheriniň döwrebap nusgasynyň milli binagärlik aýratynlyklary bilen kämil derejede sazlaşandygy bolsa halkymyzyň mähriban paýtagtymyza guwanjyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan belent maksatly rowaç işlerine buýsanjyny goşalandyrýar.

Çaryguly ALLABERENOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar