Bu gezekki söhbetdeşimiziň uzak ýyllara daýanýan zähmet ýoly we tejribe gory onuň agramly sözlerinden hem, agras keşbinden hem görnüp dur. Durmuş ýolunda ýüzlerçe adamyň saglygynyň berkemegine sebäp bolan welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany Parhat Şükürow alkyş eýesi. Mundan sekiz ýyl ozal Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken resminamasy esasynda ol Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanyldy.
Sanlyja günlerden ýene nobatdaky gezek hünär baýramyny garşylajak lukman geçen asyryň segseninji ýyllaryndan bäri bu käriň jümmüşinde. Ol baryp 1986-njy ýylda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň gapysyndan ätläpdi. 1995-nji ýylda ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan lukman şondan bäri halkyň hyzmatynda.