Döwleti dolandyrmagyň ajaýyp nusgasy

2 Oktýabr 2024
408

Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu mejlisde halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüş hem rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleleriň kabul edilmegi Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka bolup, onuň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutylýan wezipeleri girizildi. Halk Maslahaty Watanymyzyň ähli sebitlerinden gelen wekilleri bir ýere jemläp, milli demokratik däplerimize, adalatlylyk, döwletlilik ýörelgelerine esaslanyp, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmegiň özboluşly meýdançasyna öwrüldiHormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy türkmen halkynyň gün-günden ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz taryhy çykyşynda raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek babatynda netijeli işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekmek bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmagyň, täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň we yzygiderli kämilleşdirip durmagyň häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridigini nygtady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy türkmen halkynyň döwlet gurmakda we ony dolandyrmakdaky toplan baý tejribesi, demokratik däp-dessurlary, asylly ýörelgeleri häzirki zamanyň döwrebap şertlerinde dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan dünýä ähmiýetli, il-ýurt bähbitli özgertmeler syýasatynyň netijesinde raýat jemgyýetini döretmek we onuň möhüm institutlaryny berkarar etmek, döwletimizde häzirki zaman saýlaw ugurlaryny ornaşdyrmak we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar