Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyny, şeýle-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan tebigata söýgini we onuň täsinliklerini beýan etmek, akyldar şahyryň arzuwlan Berkarar döwletinde eşretli durmuşda ýaşaýan watandaşlarymyzyň ekologiýa medeniýetini açyp görkezmek maksady bilen, «Türkmen dünýäsi» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen bilelikde yglan eden «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy» atly döredijilik bäsleşiginde maňa hem ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi. Ýurdumyzyň gözel tebigatyny goramak boýunça alnyp barylýan işleri, şeýle hem ekologiýa medeniýetini öz taýýarlan makalalarymda beýan etmegimiň maňa üstünlik getirendigine diýseň buýsanýaryn.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlara okamaga, döretmäge, döredijilik äleminde öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys!