Berkararlygymyzyň baky bahary

2 Oktýabr 2024
324

Eşretli zamanada ýaşaýan türkmen halkymyz däp bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny uly şatlyk-şowhuna besläp garşylady. Ata Watanymyzy, ene topragymyzy gözleriniň göreji ýaly goraýan Watan goragçylarymyz hem bu şanly toýa uly dabaralara beslenen baýramçylyk sowgatlary bilen bardylar. Her ýyl bu toý mynasybetli geçirilýän dabaraly ýöriş eziz Watanymyzyň goranyş kuwwatyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň döredijilikli durmuşynyň goragynda duran türkmen esgerleriniň ýokary hünär ussatlygyny, şeýle hem türkmen halkynyň gadymdan gelýän mertlik, edermenlik, batyrlyk ýaly häsiýetleriniň subutnamasy hasaplanýar. Ýurdumyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerine laýyklykda geçirilýän dabaraly harby ýöriş, Garaşsyzlyk baýramynyň esasy dessury bolup, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşun görnüşleriniň gatnaşmagynda geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda Watan goragçylarynyň sarpasynyň has-da belentde tutulýandygyndan nyşandyr.

Ynha, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýy mynasybetli geçirilen dabaraly ýörişde hem Watanymyzyň merdana ýurt goragçylary başlaryny belent tutup, iň kämil harby tehnikalara erk edip, döwlet münberiniň öňünden uly ruhubelentlikde geçdiler.

Sapa TÄÇNAZAROW,
podpolkownik.
Beýleki habarlar