Mukaddes Watan goragy damarynda merdana pederleriň gany aýlanýan her bir türkmen ýigidiniň jana-jan borjudyr. Watan ynsanyň barlygydyr, bu dünýäde gazanan we gazanyp biläýjek iň gymmatly baýlygydyr. Ol ata-babalarymyzyň mirasy, bizden bolsa nesillerimize galjak gymmatlykdyr.
Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyny uludan toýlan Diýarymyzda Watan waspy belentden ýaňlanyp, watansöýüjilik duýgusy ýüreklere ýalkym saçdy. Göýä diýersiň, jümle-jahan eziz Watanymyzyň berkararlyk baýramyny gutlan ýaly, täsin bir görnüşe beslendi. Tylla güýzüň ajaýyp keşbi bilen toý toýlan Diýarymyzyň gözelligi biri-biriniň üstüni ýetirip, dumly-duşa joşgun berdi. Şeýle pursady synlap durşuňa, öz ýanyňdan Watan goragçysy bolmak ýaly belent mertebeli ykbalyň eýesidigiňe tüýs ýürekden buýsanýarsyň. Watan goragçysy diýilse, parahat il, abadan ýurt, ýagny Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan barada ýüregiň joşup, kalbyňa täsin bir owaz dolýar.