Gahryman Arkadagymyzyň geçmişden miras galan asylly däplerimize hormat goýmak ýörelgesini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşuly nesle uly sarpa goýulýar. Şonuň netijesinde bu gün ýaşulularymyz döwlet, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Ynsanperwer, hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli syýasatymyzy, giň gerimli oňyn başlangyçlarymyzy durmuşa geçirmekde, milli bitewüligimizi berkitmekde, watansöýüji, ýokary ahlak häsiýetli nesilleri kemala getirmekde paýhasly gojalarymyzyň uly orny bar. Mährem enelerimiz, dana atalarymyz nusgalyk häsiýetleri bilen edep-ekramyň we terbiýäniň görelde mekdebini kemala getirýärler, ösüp gelýän ýaş nesli kämil şahsyýetler edip ýetişdirmekde zerur işleri alyp barýarlar.
Türkmen halkynyň ýaşuly nesle goýýan sarpasy bütin dünýä göreldedir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda çapdan çykan «Paýhas çeşmesi» atly kitapda ýaşululary sylamak bilen bagly nakyllardyr atalar sözleriniň ençemesine gabat gelmek bolýar. Ula sarpa goýmak, kiçini söýmek ýörelgesi halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerine hem çuňňur aralaşypdyr. Milli Liderimiziň parasatly başlangyjy bilen ýurdumyzyň milli baýramçylyklarynyň sanawyna Ýaşulularyň halkara gününiň girizilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzüminde Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi, olara goýulýan uly hormatyň aýdyň mysalydyr.