"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ylymly ýaşlar ― Watanyň daýanjy

Şu günler baýry ýokary okuw mekdebimiziň Ýaş alymlarynyň geňeşi tarapyndan institutymyzyň ylym bilen meşgullanýan ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň ylmy işlerini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen ylmy işleriň bäsleşigine hödürlemek boýunça asylly işler alnyp barylýar. Üstümizdäki ýylda institutymyz tarapyndan bu bäsleşige iň gowy ylmy işleriň 10-a golaýyny hödürlemek meýilleşdirilýär. Olaryň arasynda zähmet ýoluna birki ýyllykda gadam goýan ýaş kärdeşlerimiz hem, halypalarynyň ýolbaşçylygynda ylym dünýäsiniň çuňluklaryna aralaşan talyplarymyz hem bar.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Yhlasly zähmetiň miwesi Welaýatymyzda hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirýän bilim ojaklary az däl. Şolaryň biri hem Sakarçäge etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinde ýerleşýän 42-nji orta mekdepdir. Bu mekdep 2 gatdan ybarat 320 orunlykdyr. Bu mekdebe eýýäm 7 ýyldan bäri tejribeli bilim işgäri Aýbölek Agabalowa ýolbaşçylyk edýär.

Döwrüň şuglasy

Ýurdumyzda döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak, milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşini, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygyny üpjün etmek boýunça ygtybarly binýat döredildi. Şunda binagärlik-gurluşyk, senagat, sanly ykdysadyýet ulgamlaryna möhüm ähmiýet berýäris. Elbetde, bina galdyrmak, ýol, köpri gurmak halkymyzda ata-baba sogaply iş hasaplanýar. Şol sebäpli bu işlerde hem ýaşlarymyzyň tutýan orny uludyr. Gurluşykçy, binagär ýaşlarymyz berkarar Watanymyzyň çar künjeginde şäherleri, obalary, zawoddyr fabrikleri, beýik binalary, köprüleri, ýollary gurýarlar. Olar ak arzuwlar bilen ýurdumyzy has gözel görnüşe getirýärler. Şoňa görä-de, binagärlik-gurluşyk boýunça hünärleri kämilleşdirmek möhüm talap bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda birnäçe etraplar, şäherçeler, şäherler guruldy. Gurluşyk önümçiligi boýunça täze, döwrebap kärhanalar döredildi. Tutuş Diýarymyz boýunça gurulýan desgalarda hem-de olaryň bezeg işlerinde diňe ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanylýar. Olary saýlap alanymyzda biz ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologik kadalara laýyk gelşini, berkligini, ulanyşda amatlylygyny hökman göz öňünde tutýarys. Bina edilýän desgalarda binagärligiň milli däplerini hem-de häzirki zaman şäher gurluşygynyň öňdebaryjy tejribelerini ulanmagy esasy şertleriň biri edip goýýarys. Munuň özi Diýarymyzyň

Täze üstünliklere badalga

Halkymyz täze — 2024-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşy aldy. Tamamlanan 2023-nji ýyl, ýagny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Bu ýylda Watanymyzda ägirt uly taryhy wakalar bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny türkmen halkyna sowgat etmegi geçen ýyldaky şanly wakalaryň iň esasylarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bagyşlanan kitabynyň neşir edilmegi ýaş türkmenistanlylaryň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Ýurdumyzyň başarjaň ýaşlarynyň üstünliklerinden söz açýan bu eser ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde we täze sepgitlere ruhlandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çeşmedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işlerde ýaşlaryň mynasyp orny bar. Hormatly Prezidentimiz tutuş adamzat jemgyýetiniň bähbitlerini nazarlaýan syýasy başlangyçlarynda ýaşlaryň hem goşandynyň bolmagyna üns berýär. Çünki döwrebap pikirlenip bilýän, täze-täze taslamalar babatda özboluşly garaýyşlary öňe sürýän ýaş zehinler ykdysady we medeni ösüşleri gazanmakda möhüm wezipeleri ýerine ýetirýärler.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna 2024-2025-nji okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna Watana, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, degişli bilim maksatnamasyny özleşdirmäge ukyply we taýýarlykly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary, giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär: 1) orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

Täze açyşlara ruhlandyrýan güýç

Häzirki döwrümize sanly ulgamyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň zamanasy diýmek bolar. Sebäbi her bir işde tehnikanyň, tehnologiýanyň ulanylmagy alnyp barylýan işleriň depginini artdyrýar, tiz we öndürijilikli işlemäge mümkinçilik döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlarda sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Öňki bar bolan tehnikalaryň durky täzelenýär. Bu bolsa, öz gezeginde, önümçiligiň ýokarlanmagyna, ykdysadyýetiň ösmegine itergi berýär. Jemgyýeti ösdürmekde esasy orun ylma degişli bolup durýar. Şol sebäpli häzirki döwürde ylmy-tehniki özgerişleriň ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagy bellärliklidir. Berkarar döwletimizde sanly ulgama geçmekde we maglumat jemgyýetini kemala getirmekde sanly başarnyklary has-da ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, ýaş nesilleriň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri, olaryň dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Sanly bilimi ösdürmekde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalaryna döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly täze ugurlaryň girizilmegi hem munuň subutnamasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Ylym netije

Bilimiň binýady barha berkeýär

Ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, durmuşa geçirilýän ägirt uly işler Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň dünýä hil derejesinde ylym-bilim almaklaryny üpjün edýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary derejeli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan ýokary aň-düşünjeli nesil kemala geldi. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilýändigi hem buýsanç bilen bellenilmeli ýagdaýdyr. Iňlis, rus, hytaý, fransuz, nemes, arap, pars, ýapon we beýleki dilleri yhlas bilen öwrenýän, halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýän zehinli talyplarymyzy, okuwçylarymyzy göreniňde, olara guwanjyň, buýsanjyň bir gez belende göterilýär.

Bilim — bagta badalga

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şanly wakalara baý boldy. Ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda-da belent sepgitlere ýetildi. Ýaşlarymyzyň dürli derejelerdäki bäsleşiklerde, olimpiadalarda gazanan üstünlikleri has-da buýsandyryjydyr. Şanly ýylda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň täze, döwrebap binalarynyň onlarçasy açylyp ulanmaga berildi. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda giňişleýin beýan etmek bilen: “Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys” diýip nygtaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan bilim edaralaryny kämilleşdirmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak işleri mynasyp dowam etdirilýär. Ynha, ýakynda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi-de munuň aýdyň güwäsi bolmak bil

Bilimli il ozar

Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda guwandyryjy işler amala aşyrylýar. Bilim edaralarynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde bu gün hemmetaraplaýyn ösen, bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň dünýägaraýyşly nesil kemala gelýär. Watanymyza, il-günümize mynasyp bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmekde Ak bugdaý etrabyndaky tebigy we takyk ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde alnyp barylýan işler hem nusga alarlykdyr. Mundan sanlyja ýyl ozal açylyp, ulanylmaga berlen täze, döwrebap mekdepde bu gün okuwçy oglan-gyzlaryň ýüzlerçesi bilim-terbiýe alýar. Olar özleri üçin döredilen giň şertlerdir mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, bilimleri çuňňur özleşdirýärler. Öz kärine ussat mugallymlar bolsa, işine jogapkärli we döredijilikli çemeleşýärler. Munuň özi okuwçy ýaşlara sapaklaryna ýokary bahalar bilen ýetişmek bilen bir hatarda, dürli derejedäki okuw, internet olimpiadalaryna, ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaga we zehin-başarnyklaryny görkezmäge ruhlandyrýar.

Arkadag şäheri — ýaşlaryň şäheri

Diýarymyzyň iň gözel we taryhy künjeginde Arkadag şäheriniň ilkinji tapgyrynyň toý ruhunda açylanyna sanlyja aý geçdi. Geçen ýylyň tomsunda açylan, Köpetdagyň etegine özboluşly nuranalyk goşan ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheri bu gün hemmeleriň akylyny haýrana goýýar. «Ýaşlaryň şäheri» diýlip ykrar edilen Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň hereket etmegi hem-de olarda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi ugrunda ajaýyp mümkinçiliklerdir şertleriň bolmagy buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Arkadag şäherinde bilim alýandygym, «akylly» şäheriň durmuşynda bolup geçýän taryhy pursatlara şaýat bolýandygym üçin özümi juda bagtly saýýaryn. Bu gün «akylly» şäherimizde bagtyýar durmuş höküm sürýär. Bir-birinden owadan we gözel ymaratlar, täsin desgadyr binalar kalbymyzy joşa getirip, watançylyk ruhumyzy belende göterýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýamyz hem binagärlik keşbi bilen «akylly» şähere ajaýyp görk goşýar. Bu ýerde dünýä derejesinde bilim almagymyz, hünär öwrenmegimiz üçin bar bolan giň amatlyklardan netijeli peýdalanýarys. Geljekde ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny, halkara derejes

Watansöýüji nesil

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim, asylly terbiýe bermek meselesine aýratyn jogapkärli çemeleşilýär. Bilim-terbiýeçilik ojaklarynda ýaş nesilleri ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýol-ýörelgeler esasynda, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek babatynda edilýän tagallalaryň rowaçlanýandygy örän guwandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda dünýä derejesinde enjamlaşdyrylan häzirki zaman mekdepleridir çagalar baglary hereket edýär. Şeýle döwrebap bilim-terbiýeçilik ojaklaryň sany barha artýar. Munuň özi ýaş nesliň bilime höwesini artdyryp, olaryň milli gymmatlyklara bolan buýsanjyny ýokarlandyrýar.

Bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler

Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, kämilleşdirmek babatda uly işleriň alnyp barylýandygyny gündelik durmuşymyzda aýdyň görýäris. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek babatyndaky alnyp barylýan işleriň barşynda häzirki wagtda bu ulgama uly ähmiýet berilýändigi bellenilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde iň döwrebap şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher Mugallymçylyk orta hünär mekdebinde, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher Lukmançylyk orta hünär mekdebinde we beýleki bilim-terbiýeçilik edaralarynda döwrebap işler ýola goýlandyr. Şeýle döwrebap işleriň netijesinde ýaşlara bilim öwretmek, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegini üpjün etmek ýokary derejede alnyp barylýar. Bu günki ýaş hünärmenler döwrebap bilimleri özleşdirmek bilen sanly ulgama oňat düşünýärler. Şunuň ýaly bilimli ýaş hünärmenleriň kemala gelmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu bolsa bilim özgertmeleriň üstünlikleri, aýdyň netijeleri bolup durýar. Şeýle hem bilimiň binýadyny mundan beýläk hem berkitmek, döwrebap mü

Beýik işleriň beýany

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň bilim-terbiýesine aýratyn üns berilýär. Hut şonuň üçin hem jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermekde, ýaş nesilleri milli ruhy-ahlak ýörelgelerimiz esasynda, watansöýüjilik, halallyk, zähmetsöýerlik, milli medeniýetimize, taryhymyza hormat-sarpa ruhunda terbiýelemekde uly işler durmuşa geçirilýär. Pähimdar pederlerimiziň ýaş nesilleri terbiýelemekde toplan köpasyrlyk tejribesi häzirki ajaýyp döwrümizde mynasyp ösdürilýär. Milli terbiýeçilik ýörelgelerini ösdürmek, ýaşlara döwrebap bilim öwretmek, dünýäniň ösen innowasion tejribesini ýurdumyzyň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Esasan hem döwrebap ugurlary döredijilikli kämilleşdirmek, ösdürmek we ýaş nesillere öwretmek esasy ugurlaryň biridir.

Fizikany öwretmekde sapak ýazgysynyň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzda çagalar baglaryndan başlap, orta we ýokary okuw mekdepleri döwrüň talabyna görä gurlup, olar döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Fizika dersi boýunça hem okuwçylaryň hökmany özleşdirmeli okuw maglumatlarynyň möçberi-de barha artýar. Munuň üçin sapagyň her bir pursadyny mümkingadar netijeli peýdalanmak, okuwçylaryň gysga wagtda köp okuw maglumatlaryny özleşdirmeklerini gazanmak mugallymyň esasy wezipesi bolup durýar. Bu wezipäni ýerine ýetirmek üçin her bir mugallymyň sapakda okatmagyň işjeň usullaryndan, multimedia tehnologiýalaryndan, bilimleri ulgamlaşdyrmaga we umumylaşdyrmaga ýardam berýän dürli tablisalardan, çyzgylardan we paýlama hem-de şekilli ýumuşlardan ýerlikli peýdalanmagy zerurdyr. Şeýle hem, fizikany ösen tehnikanyň we tehnologiýanyň talaplaryna laýyklykda okatmak mugallymdan okatmagyň usullaryny yzygiderli kämilleşdirmegi talap edýär.

Körpeleriň sözleýiş dilini kämilleşdirmegiň usullary

Häzirki ajaýyp döwürde alnyp barylýan işler, amala aşyrylýan özgertmeler, ýetilýän sepgitler taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylyp, halkyň ganatly göwünlerini galkyndyrýar. Hormatly Prezidentimiziň her bir ulgamda sazlaşykly alyp barýan beýik işleri jemgyýetiň ösüşini üpjün edýär. Şoňa görä-de, bilim ulgamy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda alnyp barylýan işler ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilýär.

Terbiýeçilik sagatlarynyň möhüm ugurlary

Umumybilim berýän orta mekdeplerde okaýan okuwçylaryň bilimini terbiýe bilen utgaşdyryp öwretmek mugallymlaryň esasy wezipesidir. Çünki dana pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda sünnälän aň-düşünje, ruhy-ahlak, dünýägaraýyş, terbiýe gymmatlyklaryny özünde jemleýän bilim özgertmeleri dünýäniň ylym-bilim ulgamy bilen sazlaşykly ösdürilýär. Bu ugurda bolsa hemmetaraplaýyn kämil nesilleriň ýetişdirilmegi zerurdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler döwrüň ösüşi bilen aýakdaş bolup, ýylyň-ýylyna giň gerim alýar. Bu işleriň guwandyryjy miweleri ylym-bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleriň mysalynda hem aýdyň görünýär. Çünki bilimiň bar ýerinde, bilimiň ösýän ýerinde ösüşiň boljagy şübhesizdir. Döwrüň şeýle ösüşlerini, gurlup ulanylmaga berilýän bilim ojaklaryny, olaryň ähmiýetini umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary özleriniň synp sapaklarynda we terbiýeçilik sagatlarynda okuwçylara wagyz-nesihatyň üsti bilen giňişleýin düşündirýärler. Multimedia tagtalarynda ýörite slaýd şekillerini taýýarlap, ýurdumyzyň ösüşleri bilen tanyşdyrýarys. Bilim özgertmeleri bilen baglanyşykly çekilen suratlar sergilerimizde goýulýar. Okuwçylar öz okaýan derslerine degişli ýörite diwarlyklary hem döredýärler. Mundan başga-da, mugallym halk döredijiliginiň eserlerini we çeper eserleri gollanma edinip biler. Has takygy, «Oguznama», «Gorku

Kämilligiň berk binýady

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen yzygiderli kämilleşdirilýän bilim ulgamynda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde on iki ýyllyk okuwyň girizilmegi, bilim ulgamynyň dürli edaralarynyň iň döwrebap okuw serişdeleri bilen enjamlaşdyrylmagy, internet ulgamynyň okuw tejribesinde giňden ornaşdyrylmagy bu ulgamyň döwrebap ösüşini üpjün etdi. Häzirki wagtda bilim işgärleriniň öňünde döwrüň talaplaryna laýyk çemeleşmegi bilýän, hünärine ökde, zerur maglumatlary sanly tehnologiýalardan, internet torundan özbaşdak almagy başarýan, ösen jemgyýetimizde kämil hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmek esasy ugurlaryň biridir. Şuňa laýyklykda, mekdebiň wezipe-borçlary has-da kämilleşdirildi. Hususan-da, mekdep çagalara diňe bir çuňňur bilim-terbiýe bermek bilen çäklenmän, eýsem, olary durmuşa we zähmete taýýarlamak wezipesini hem öz üstüne aldy. Döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ökde hünärmen bilimde, ylymda, ykdysadyýetde oňat netijelere eýe bolup biler.

Dünýä dilleri öwrenilýär

Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleri üçin dürli dersler boýunça elektron kitaplary, gollanmalary, wideo we audiomateriallary taýýarlamak hem-de daşary ýurt dillerinde dogry geplemegi we dürs ýazmagy öwredýän kompýuter programmalaryny döretmek, olary internetiň üsti bilen daş aralykdan öwretmek we öwrenmek işi ýola goýuldy. Talyplara daşary ýurt dillerini öwretmekde kommunikatiw okuw arkaly hekaýa düzmek usulyna esaslandyrylyp döredilen «Iňlis gepleşik dili» atly elektron gollanma leksika-grammatik sözleýiş endik-başarnyklaryny ösdürmekde ähmiýetlidir.

Asylly görelde — mukaddes ýörelge

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaş nesliň ylymly-bilimli, edep-ekramly kämil ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Çagalar baglaryndan başlap, orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alyp, ylym öwrenen, şonuň bilen birlikde-de, türkmeniň milliligine mahsus terbiýelenen ýaşlar geljekde il-güne, Watana gerekli adamlar bolup ýetişýärler. Ýaşlarymyzyň geljeginiň nurana bolup, rowaçlyklara beslenmegi ugrunda hemişe ata Watanymyzda uly tagallalar edilýär. Terbiýe meselesinde mugallymlaryň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Mugallymlar sapak guranynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ösüşlerini, köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini, ýagşy däp-dessurlarymyzy, ahlak arassalygyny, edep-ekram barada düşünjeleri giňişleýin öwretmelidirler.

Ýylymyzyň şygary — ylham çeşmämiz

2024-nji ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň ylham joşgunyndan ugur alnyp we tutuş halkymyzyň isleg-arzuwy göz öňünde tutulyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy mekdebimiziň mugallymlarynyň we okuwçy ýaşlarynyň kalplaryna egsilmez şatlygy bagyşlady. Şu günlerde welaýatymyzda şanly ýylymyzy zähmet üstünliklerine beslemeklige hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemeklige giň gerimde taýýarlyk görülýär. Ähli ildeşlerimiz bilen birlikde biz hem bu baýramçylygy ýokary guramaçylyk derejesinde garşylamak ugrunda yhlasly zähmet çekýäris. Okuwçy ýaşlaryň ata Watanymyzyň asudalygyny, il-günümiziň bagtyýarlygyny hem-de hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän asylly başlangyçlaryny, durmuşa geçirýän düýpli özgertmelerini wasp edýän täze aýdymlary, sazlary öwrenmäge, täsirli baýramçylyk çykyşlaryny guramaga höwesjeňligi bizi diýseň guwandyrýar hem-de has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrýar. Şuňa laýyklykda biz zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsine bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen dürli medeni-köpçülik çärelerini, zehin bäsleşiklerini yzygiderli geçirýäris. Ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, çeper döredijilik, medeniýet-sungat bilen gyzyklanmaklary we milli mirasymyzy içgin öwrenmekleri ugrunda döredijilikli zähmet çekýäris. Ata Watanymyzda gazanylýan ş