Asylly görelde — mukaddes ýörelge

16 Ýanwar 2024
739

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaş nesliň ylymly-bilimli, edep-ekramly kämil ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Çagalar baglaryndan başlap, orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alyp, ylym öwrenen, şonuň bilen birlikde-de, türkmeniň milliligine mahsus terbiýelenen ýaşlar geljekde il-güne, Watana gerekli adamlar bolup ýetişýärler. Ýaşlarymyzyň geljeginiň nurana bolup, rowaçlyklara beslenmegi ugrunda hemişe ata Watanymyzda uly tagallalar edilýär.

Terbiýe meselesinde mugallymlaryň üstüne uly jogapkärçilik düşýär. Mugallymlar sapak guranynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ösüşlerini, köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň düzgünlerini, ýagşy däp-dessurlarymyzy, ahlak arassalygyny, edep-ekram barada düşünjeleri giňişleýin öwretmelidirler.

Gurbangül NEPESOWA,
Daşoguz şäherindäki 27-nji orta mekdebiň mugallymy.