Täze açyşlara ruhlandyrýan güýç

17 Ýanwar 2024
558

Häzirki döwrümize sanly ulgamyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň zamanasy diýmek bolar. Sebäbi her bir işde tehnikanyň, tehnologiýanyň ulanylmagy alnyp barylýan işleriň depginini artdyrýar, tiz we öndürijilikli işlemäge mümkinçilik döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlarda sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Öňki bar bolan tehnikalaryň durky täzelenýär. Bu bolsa, öz gezeginde, önümçiligiň ýokarlanmagyna, ykdysadyýetiň ösmegine itergi berýär. Jemgyýeti ösdürmekde esasy orun ylma degişli bolup durýar. Şol sebäpli häzirki döwürde ylmy-tehniki özgerişleriň ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagy bellärliklidir.

Berkarar döwletimizde sanly ulgama geçmekde we maglumat jemgyýetini kemala getirmekde sanly başarnyklary has-da ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, ýaş nesilleriň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri, olaryň dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Sanly bilimi ösdürmekde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalaryna döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly täze ugurlaryň girizilmegi hem munuň subutnamasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Ylym netijeli ösüşleriň esasy çeşmesidir, täze açyşlara ruhlandyrýan güýçdür. Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar».

Dursuntagan Çeperalyýewa,
welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň okuw bölüminiň hünärmeni, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.