Bilim — bagta badalga

17 Ýanwar 2024
538

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şanly wakalara baý boldy. Ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda-da belent sepgitlere ýetildi. Ýaşlarymyzyň dürli derejelerdäki bäsleşiklerde, olimpiadalarda gazanan üstünlikleri has-da buýsandyryjydyr. Şanly ýylda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň täze, döwrebap binalarynyň onlarçasy açylyp ulanmaga berildi. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda giňişleýin beýan etmek bilen: “Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys” diýip nygtaýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan bilim edaralaryny kämilleşdirmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak işleri mynasyp dowam etdirilýär. Ynha, ýakynda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi-de munuň aýdyň güwäsi bolmak bilen, ähli bilim işgärlerini buýsandyrdy. Özi-de döwrebap binalaryň hut şu ýylyň sentýabrynda — täze okuw ýylynyň başynda ulanyşa tabşyryljakdygy ýaş nesil bilen bagly işleriň jäht tutulýandygyny alamatlandyrýar.

Merjen ANNABAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 131-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.