Arkadag şäheri — ýaşlaryň şäheri

16 Ýanwar 2024
596

Diýarymyzyň iň gözel we taryhy künjeginde Arkadag şäheriniň ilkinji tapgyrynyň toý ruhunda açylanyna sanlyja aý geçdi. Geçen ýylyň tomsunda açylan, Köpetdagyň etegine özboluşly nuranalyk goşan ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheri bu gün hemmeleriň akylyny haýrana goýýar. «Ýaşlaryň şäheri» diýlip ykrar edilen Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň hereket etmegi hem-de olarda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär öwrenmegi ugrunda ajaýyp mümkinçiliklerdir şertleriň bolmagy buýsançly başymyzy göge ýetirýär.

Arkadag şäherinde bilim alýandygym, «akylly» şäheriň durmuşynda bolup geçýän taryhy pursatlara şaýat bolýandygym üçin özümi juda bagtly saýýaryn. Bu gün «akylly» şäherimizde bagtyýar durmuş höküm sürýär. Bir-birinden owadan we gözel ymaratlar, täsin desgadyr binalar kalbymyzy joşa getirip, watançylyk ruhumyzy belende göterýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýamyz hem binagärlik keşbi bilen «akylly» şähere ajaýyp görk goşýar. Bu ýerde dünýä derejesinde bilim almagymyz, hünär öwrenmegimiz üçin bar bolan giň amatlyklardan netijeli peýdalanýarys. Geljekde ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny, halkara derejesindäki abraýyny has-da belende galdyrmak hem-de atçylyk pudagyny ösdürmek ugrundaky tagallalara mynasyp goşant goşarys. Biz — ýaşlara bildirýän belent ynamy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys.

Merdan MYRADOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby.