Kämilligiň berk binýady

16 Ýanwar 2024
650

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen yzygiderli kämilleşdirilýän bilim ulgamynda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde on iki ýyllyk okuwyň girizilmegi, bilim ulgamynyň dürli edaralarynyň iň döwrebap okuw serişdeleri bilen enjamlaşdyrylmagy, internet ulgamynyň okuw tejribesinde giňden ornaşdyrylmagy bu ulgamyň döwrebap ösüşini üpjün etdi.

Häzirki wagtda bilim işgärleriniň öňünde döwrüň talaplaryna laýyk çemeleşmegi bilýän, hünärine ökde, zerur maglumatlary sanly tehnologiýalardan, internet torundan özbaşdak almagy başarýan, ösen jemgyýetimizde kämil hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmek esasy ugurlaryň biridir. Şuňa laýyklykda, mekdebiň wezipe-borçlary has-da kämilleşdirildi. Hususan-da, mekdep çagalara diňe bir çuňňur bilim-terbiýe bermek bilen çäklenmän, eýsem, olary durmuşa we zähmete taýýarlamak wezipesini hem öz üstüne aldy. Döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ökde hünärmen bilimde, ylymda, ykdysadyýetde oňat netijelere eýe bolup biler.

Hezret TOGALAKOW,
Bereket etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy.