Ylymly ýaşlar ― Watanyň daýanjy

19 Ýanwar 2024
546

Şu günler baýry ýokary okuw mekdebimiziň Ýaş alymlarynyň geňeşi tarapyndan institutymyzyň ylym bilen meşgullanýan ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň ylmy işlerini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen ylmy işleriň bäsleşigine hödürlemek boýunça asylly işler alnyp barylýar.

Üstümizdäki ýylda institutymyz tarapyndan bu bäsleşige iň gowy ylmy işleriň 10-a golaýyny hödürlemek meýilleşdirilýär. Olaryň arasynda zähmet ýoluna birki ýyllykda gadam goýan ýaş kärdeşlerimiz hem, halypalarynyň ýolbaşçylygynda ylym dünýäsiniň çuňluklaryna aralaşan talyplarymyz hem bar.

Arzuw SETDAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.