Beýik işleriň beýany

16 Ýanwar 2024
605

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň bilim-terbiýesine aýratyn üns berilýär. Hut şonuň üçin hem jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermekde, ýaş nesilleri milli ruhy-ahlak ýörelgelerimiz esasynda, watansöýüjilik, halallyk, zähmetsöýerlik, milli medeniýetimize, taryhymyza hormat-sarpa ruhunda terbiýelemekde uly işler durmuşa geçirilýär.

Pähimdar pederlerimiziň ýaş nesilleri terbiýelemekde toplan köpasyrlyk tejribesi häzirki ajaýyp döwrümizde mynasyp ösdürilýär. Milli terbiýeçilik ýörelgelerini ösdürmek, ýaşlara döwrebap bilim öwretmek, dünýäniň ösen innowasion tejribesini ýurdumyzyň bilim ulgamyna giňden ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Esasan hem döwrebap ugurlary döredijilikli kämilleşdirmek, ösdürmek we ýaş nesillere öwretmek esasy ugurlaryň biridir.

Dünýägözel ANNAMYRADOWA,
Saýat etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy.