Bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler

16 Ýanwar 2024
836

Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan durmuşyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, kämilleşdirmek babatda uly işleriň alnyp barylýandygyny gündelik durmuşymyzda aýdyň görýäris. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek babatyndaky alnyp barylýan işleriň barşynda häzirki wagtda bu ulgama uly ähmiýet berilýändigi bellenilmäge mynasypdyr.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde iň döwrebap şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher Mugallymçylyk orta hünär mekdebinde, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher Lukmançylyk orta hünär mekdebinde we beýleki bilim-terbiýeçilik edaralarynda döwrebap işler ýola goýlandyr. Şeýle döwrebap işleriň netijesinde ýaşlara bilim öwretmek, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegini üpjün etmek ýokary derejede alnyp barylýar. Bu günki ýaş hünärmenler döwrebap bilimleri özleşdirmek bilen sanly ulgama oňat düşünýärler. Şunuň ýaly bilimli ýaş hünärmenleriň kemala gelmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu bolsa bilim özgertmeleriň üstünlikleri, aýdyň netijeleri bolup durýar. Şeýle hem bilimiň binýadyny mundan beýläk hem berkitmek, döwrebap mümkinçilikleri döretmek üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde mynasyp orun tutýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam etjekdigi şübhesizdir.

Atajan BURUNOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor.