Döwrüň şuglasy

17 Ýanwar 2024
470

Ýurdumyzda döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak, milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşini, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygyny üpjün etmek boýunça ygtybarly binýat döredildi. Şunda binagärlik-gurluşyk, senagat, sanly ykdysadyýet ulgamlaryna möhüm ähmiýet berýäris. Elbetde, bina galdyrmak, ýol, köpri gurmak halkymyzda ata-baba sogaply iş hasaplanýar. Şol sebäpli bu işlerde hem ýaşlarymyzyň tutýan orny uludyr. Gurluşykçy, binagär ýaşlarymyz berkarar Watanymyzyň çar künjeginde şäherleri, obalary, zawoddyr fabrikleri, beýik binalary, köprüleri, ýollary gurýarlar. Olar ak arzuwlar bilen ýurdumyzy has gözel görnüşe getirýärler. Şoňa görä-de, binagärlik-gurluşyk boýunça hünärleri kämilleşdirmek möhüm talap bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda birnäçe etraplar, şäherçeler, şäherler guruldy. Gurluşyk önümçiligi boýunça täze, döwrebap kärhanalar döredildi.

Tutuş Diýarymyz boýunça gurulýan desgalarda hem-de olaryň bezeg işlerinde diňe ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanylýar. Olary saýlap alanymyzda biz ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologik kadalara laýyk gelşini, berkligini, ulanyşda amatlylygyny hökman göz öňünde tutýarys. Bina edilýän desgalarda binagärligiň milli däplerini hem-de häzirki zaman şäher gurluşygynyň öňdebaryjy tejribelerini ulanmagy esasy şertleriň biri edip goýýarys. Munuň özi Diýarymyzyň binagärlik-gurluşyk pudagynyň kämilleşdirilmegine, dünýäniň iň oňat tejribeleriniň ornaşdyrylmagyna oňaýly şertleri döredýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde ägirt uly binagärlik toplumlaryny, edara binalaryny, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlaryny, iň kämil, döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen iri önümçilik kärhanalaryny, saglyk, bilim, sport maksatly ymaratlary yzygiderli gurýarys. Olar häzirki taryhy eýýamyň belent ruhuny aýdyň dabaralandyrýar. Bularyň ählisi biziň ykdysady kuwwatymyzy, depginli ösüşimizi aýdyň görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan.