Täze üstünliklere badalga

17 Ýanwar 2024
557

Halkymyz täze — 2024-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşy aldy. Tamamlanan 2023-nji ýyl, ýagny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Bu ýylda Watanymyzda ägirt uly taryhy wakalar bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny türkmen halkyna sowgat etmegi geçen ýyldaky şanly wakalaryň iň esasylarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bagyşlanan kitabynyň neşir edilmegi ýaş türkmenistanlylaryň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Ýurdumyzyň başarjaň ýaşlarynyň üstünliklerinden söz açýan bu eser ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde we täze sepgitlere ruhlandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çeşmedir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işlerde ýaşlaryň mynasyp orny bar. Hormatly Prezidentimiz tutuş adamzat jemgyýetiniň bähbitlerini nazarlaýan syýasy başlangyçlarynda ýaşlaryň hem goşandynyň bolmagyna üns berýär. Çünki döwrebap pikirlenip bilýän, täze-täze taslamalar babatda özboluşly garaýyşlary öňe sürýän ýaş zehinler ykdysady we medeni ösüşleri gazanmakda möhüm wezipeleri ýerine ýetirýärler. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ýörelgeler esasynda terbiýelenen, täzeçe pikirlenýän ýaşlaryň nesli kemala geldi. Şol ýaşlar hem häzirki wagtda ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Olar halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Döredilip berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzyň kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşýarlar.

Aýnabat ALLABERDIÝEWA,
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky Harby-deňiz mekdebiniň mugallymy.