Dünýä dilleri öwrenilýär

16 Ýanwar 2024
581

Ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleri üçin dürli dersler boýunça elektron kitaplary, gollanmalary, wideo we audiomateriallary taýýarlamak hem-de daşary ýurt dillerinde dogry geplemegi we dürs ýazmagy öwredýän kompýuter programmalaryny döretmek, olary internetiň üsti bilen daş aralykdan öwretmek we öwrenmek işi ýola goýuldy.

Talyplara daşary ýurt dillerini öwretmekde kommunikatiw okuw arkaly hekaýa düzmek usulyna esaslandyrylyp döredilen «Iňlis gepleşik dili» atly elektron gollanma leksika-grammatik sözleýiş endik-başarnyklaryny ösdürmekde ähmiýetlidir.

Merjen ATDAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty.