Bilimiň binýady barha berkeýär

17 Ýanwar 2024
507

Ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, durmuşa geçirilýän ägirt uly işler Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň dünýä hil derejesinde ylym-bilim almaklaryny üpjün edýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary derejeli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan ýokary aň-düşünjeli nesil kemala geldi.

Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň çuňlaşdyrylyp öwredilýändigi hem buýsanç bilen bellenilmeli ýagdaýdyr. Iňlis, rus, hytaý, fransuz, nemes, arap, pars, ýapon we beýleki dilleri yhlas bilen öwrenýän, halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýän zehinli talyplarymyzy, okuwçylarymyzy göreniňde, olara guwanjyň, buýsanjyň bir gez belende göterilýär.

Amanbibi Myradowa,
Türkmenbaşy etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň mugallymy.