"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ylym-bilim ulgamy ösüş ýolunda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmegi, ýokary bilimli, kämil hünärmenleri ýetişdirmegi maksat edinýär. Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-terbiýeçilik edaralarynyň binalarynyň gurulmagy, olaryň işine täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, şol sanda internet arkaly elektron kitaphanalaryň elýeterliligi bilen baglydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda döredilýän orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmagyň, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady bolup durýar. Bu günki gün ýokary bilimiň milli ulgamy halkara derejelere çykarylýar. Halkara şertnamalar esasynda ýaşlarymyz isleg bildirýän ugurlary boýunça daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

Kitapsöýüjileriň duşuşygy

Kitaphanamyzda «Ekologiýa terbiýesi — Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde» diýen mowzukda okyjylaryň duşuşygyny guradyk. Oňa mekdebimiziň kitapsöýüji ýaşlarynyň uly topary höwes bilen gatnaşdy. Bu çäräni geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplary uly gollanma boldy. Kitapsöýüjiler ýurdumyzda geçirilen uly ekoforumlarda dünýä döwletleriniň Baştutanlarynyň uly toparynyň Türkmenistanyň ýöredýän ekologiýa syýasatyna ýokary baha berendigini, daşky gurşawy goramakda durmuşa geçirilýän işleriň dünýä nusgalykdygyny beýan etdiler. Milli Liderimiziň ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydygy, hormatly Prezidentimiziň Watana bolan söýginiň tebigata söýgi bilen bitewidigi, ekoterbiýäniň möhümdigi barada aýdan parasatly sözlerini mysal getirdiler. Ýurdumyzyň çäginde dünýäniň ekoabadançylygyna oňyn täsirini ýetiren iri taslamalaryň birnäçesi hakynda gyzykly söhbet edildi.

Görkezme esbaplarynyň sergisi guraldy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda amala aşyrýan bilim özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmakda döredijilikli zähmet çekýän, hünärine ussat bilim işgärlerini ýüze çykarmak, olaryň iş tejribesini ýaýratmak hem-de ýaş nesle berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen welaýatymyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän okuw-görkezme esbaplarynyň sergisi hem şeýle çäreleriň biridir. Düýn welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki 40-njy çagalar bakja-bagynyň binýadynda okuw-görkezme esbaplarynyň sergisi guraldy. Oňa öňdebaryjy bilim işgärleri öz taýýarlan işlerini hödürlediler. Sergide has tapawutlanan bilim işgärleri welaýat baş bilim müdirliginiň Hormat haty bilen sylaglanyldy.

Usuly-amaly okuw maslahaty geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň ýanyndaky internatda okuwçylaryň bilimini we başarnygyny has-da artdyrmak maksady bilen, «Okuwçylarda işjeňligi we özbaşdak işlemek başarnygyny kemala getirmek» atly mowzukda usuly-amaly okuw maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherindäki orta mekdeplerden we welaýat baş bilim müdirliginden wekiller gatnaşdylar. Olar ilki bilen bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen içgin tanyşdylar. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň sergide goýlan dürdäne kitaplary, dana söz ussatlarymyzyň ajaýyp eserleri, şeýle-de dürli mowzukdaky edebiýatlar myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Bulardan başga-da sergide mekdebiň göreldeli okuwçylarynyň el işleri hem görkezildi.

«Geliň, geliň, oýnalyň...»

Ýurdumyzda döwrebap şertler bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary hem-de ýokary okuw mekdepleri dünýä ülňülerine laýyklykda gurlup ulanmaga berilýär. Bilim ulgamynyň işini maksadalaýyk özgertmekde, dünýä derejesine çykarmakda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Dünýä tejribesiniň gazananlaryna, innowasiýalara, ýokary tehnologiýalara daýanýan häzirki zaman, döwrebap bilim ojaklarynyň binýady berkden tutulýar. Çagalar bakja-baglary çagalaryň irki ösüşini üpjün edýär, olary başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlaýar, çagalarda akýüreklilik, adalatlylyk, ululara hormat goýmak, deň-duşlaryny sylamak duýgularyny terbiýeleýär, türkmen halkynyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeniýetine söýgi döredýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerimiziň bilimli, terbiýeli bolup ýetişmeginde mugallymlaryň wezipesi uludyr. Özüniň yhlasyny gaýgyrmaýan, maksada okgunly mugallymlaryň biri hem Miwe Maksadowadyr. Ol Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup zähmet çekýär. Miwe mugallym 2019-njy ýylda Marynyň H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tamamlap, ýokarda adyny agzan mekdebimizde işe başlaýar. Oňa Ogulbossan Agaýewa halypalyk edip, çagalara bilim, terbiýe bermegiň inçe ýollaryny öwredýär. Ýaşlygyna garamazdan, M. Maksadowa göreldeli, işjanly mugallymlaryň hatarynda tanalýar. Ol öz işdeş ýoldaşlarynyň hem-de okuwçylarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanýar.

Bilim — bagtyň açary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda görlüp-eşidilmedik derejede ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Islendik döwletiň ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesiniň kämil nusgasynyň bolmagy durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijisi bolup durýar. Bilim ulgamynyň dünýäniň ösen derejelerine laýyk gelmegi, işçi güýjüniň aň-bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine üstünlikli goşulmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda ýokary hünärli ylmy işgärleriň, ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň elektron kitaphana gorunda professor-mugallymlaryň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň ýazgylarynyň nusgalary ýörite hünärmenler tarapyndan elektron maglumat görnüşine geçirilýär we ol maglumatlar gory yzygiderli baýlaşdyrylýar. Bularyň ählisi okamaga höwesli her bir raýat üçin giň mümkinçilikleri döredýär we bilim bermegiň hilini döwrebap derejä çykarýar.

Bilim — okgunly ösüşiň binýady

Türkmenistanyň milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegini, bilim bermek işine innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak bilen, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyny gazanmak türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda kabul edilen milli maksatnamalaryň we giň gerimde amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralary, umumybilim berýän mekdepler, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri gurulýar. Ýurdumyzyň bilim edaralaryna dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary, öňdebaryjy kompýuter we multimedia enjamlaryny ornaşdyrmak babatynda uly üstünlikler gazanylyp, jemgyýetimizi we döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmegiň berk binýady döredildi. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelerimize «Bilimli» atly kompýuterler sowgat hökmünde gowşurylýar. Munuň özi döwletimizde körpe nesliň döwrebap bilim almagy we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene bir aýdyň mysalydyr.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Ylym-bilimiň bahasy ýokdur, ylym-bilimden toplanan baýlyk adamzadyň hakyky baýlygydyr» diýip belleýär. Alym Arkadagymyz kitabynyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» atly bölüminde beýik alymlaryň, filosoflaryň pähimlerini, şeýle-de täsin rowaýatlarydyr tymsallary mysal getirýär. Milli Liderimiz ylym-bilim babatda derwaýys meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolanynda, akyldar Magtymguly Pyraga ýüzlenýändigini belläp, ylym-bilimliligiň edeplilikdigini, her kime öz göwün söýen hünärinde taplanmagy üçin, onuň ylym-bilimliliginiň gerekdigini nygtaýar. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilen bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda ýokary okuw mekdepleriniň birbada üçüsiniň — Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine 2024-2025-nji okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul etmek Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde okamaga isleg bildiren, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpy tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň arasynda geçirilýär. 2. Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Olarda okuwçylaryň okuw we harby terbiýeçilik sapaklary, gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik tabşyrykda gullugy alyp barmaklary, şeýle hem beden taýýarlygy we çuňlaşdyrylan başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşdyrylyp alnyp barylýar.

Döwletimiziň kuwwatly güýji

Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýip nygtamagy ýaşlar baradaky aladanyň subutnamasydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda sowatly, kämil hünär taýýarlygy bolan ýaşlary ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bilim ojaklarynyň ösen kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary, hünär saýlamaklary üçin döredilýän şert-mümkinçilikler olaryň bilimler dünýäsine gadam uran ilkinji ädimlerinden başlap, döwrebap bilim almagyna mümkinçilik berýär. Ýurdumyzy gülledip ösdürmek, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ruhy we beden taýdan sagdyn, ösen düşünjeli nesilleriň kemala gelmegi ugrunda amala aşyrylýan işler jemgyýetimizde ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmeginde, döwrebap bilim almagynda möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan belent wezipelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň geljekki eýeleri boljak ýaş nesli ylymly-bilimli, terbiýeli edip ýetişdirmekde biziň — bilim işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Ýaşlary ylymly-bilimli edip ýetişdirmekde, olary watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde d

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň bagtly geljegini bilimli nesil bilen berk baglanyşdyrýar. Berkarar döwletimizde bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek, ony dünýä derejesine çykarmak ugrunda tutumly işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň uly aladalarynyň netijesinde bilim we terbiýe bermek üçin multimediýa tehnologiýalary, okatmagyň usulyýetiniň öňdebaryjy iş tejribesi bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilýän döwründe umumybilim berýän orta mekdeplerde mugallymlaryň tehnologiýalardan peýdalanmak işi sapagyň gyzykly geçmegine, okuwçylaryň az wagtyň dowamynda köp maglumatlary özleşdirmegine şert döredýär, berilýän bilimiň çuňňur bolmagyny üpjün edýär we okuw işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.

Döwrüň wajyp wezipesi

Belent ösüşleri nazarlaýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde sanly ulgamdan netijeli peýdalanylýar. Bilim ulgamynyň hilini ýokarlandyrmakda innowasion tehnologiýalar uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem häzirki wagtda ýaş nesle bilim bermekde kompýuter tehnologiýalary giňden ulanylýar. Sanly ulgam geljekki Watan eýeleriniň ylymly-bilimli, döwrebap düşünjeli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikleri açýar. Sapaklary täzeçe guramak, öňdebaryjy iş usullaryny tejribä ornaşdyryp, sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak döwrüň talabydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde bilim bermegiň ähli usullaryny elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, ylym, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň täze mazmunly häsiýete eýe bolmagy üçin ähli amatly şertler döredilýär. Muňa ulgama innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, elektron maglumat gorlarynyň döredilmegini, olaryň zerur bolan maglumatlar bilen baýlaşdyrylmagyny mysal görkezmek bolar.  

Bilim özgertmeleri — ösüşleriň binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýokary derejeli taýýarlykly we häzirkizaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan kämil baş çykarýan ykdysatçylary, tejribeli hünärmenleri taýýarlamagy öz içine alýan giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle hem ony netijeli durmuşa geçirmegiň anyk meýilnamasy milli bilimiň derejesiniň hem-de onuň hiliniň döwrebap ösüşini kesgitlemekde ileri tutulýan ugurlary belleýär. Konsepsiýa laýyklykda täze bilim merkezleri, portallary döredilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Türkmen talyplary Tokioda

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Nowruz Nurberdiýew, Dursunjemal Ýylkybaýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Serdar Rahymow türkmen talyplaryna wekilçilik edip, 2024-nji ýylyň 16 — 22-nji ýanwary aralygynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen «MIRAI» okuw maksatnamasyna gatnaşdylar. Ol Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk merkezi tarapyndan guralýar. Bu okuw maksatnamasynyň mowzugy «Hukugyň hökmürowanlygy» bolup, oňa Merkezi Aziýa we Kawkaz döwletleriniň hukuk ugrundan bilim alýan, şeýle-de hukuk ulgamynda işleýän ýaşlarynyň 24-si gatnaşyp, bilimdir tejribelerini artdyrdylar. Olar Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde, Ýokary kazyýetinde, Keio uniwersitetiniň hukuk fakultetinde, Nişimura&Asahi hukuk firmasynda, Adalat ministrliginiň Halkara adalat merkezinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Uzak Gündogar boýunça Jenaýatyň öňüni almak we jenaýatçylara çemeleşmek boýunça institutynda guralan okuw derslerine, seminarlara gatnaşdylar. Ýaşlar Ýaponiýanyň kanunçylygy we halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri, «Hukugyň hökmürowanlygy» mowzuklary boýunça bilim aldylar.

Üstünligiň gözbaşy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýerine ýetirilýän beýik işler paýhasly pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän bagtyýar ýaş nesillere uly ynam bildirilip, her bir işe özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaga, ylym-bilimlerini, zehinlerini açyp görkezmäge we aýdyň beýan etmäge giň mümkinçilikler hem-de ähli zerur şertler döredilýär. Döwletimizde bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk derejede döwrebaplaşdyrmaga hem-de ösdürmäge, ruhy taýdan kämil, sagdyn, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly nesli ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Röwşen geljegimiz bolan ösüp gelýän bagtyýar ýaş nesilleriň watansöýüji şahsyýetler bolup kemala gelmeginde milli terbiýäniň orny uludyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa milli terbiýäniň esasy binýady bolan nusgawy edebiýatymyza yzygiderli ýüzlenmegimiz aýratyn many-mazmuna eýe bolup durýar. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň döredijiligi bagtyýar ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanmadyr.

Döwrebap özgertmeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda kabul edilýän we üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet hem-de milli maksatnamalaryň özeninde Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly tagallalaryň durmagy ähli ösüşdir özgertmeleriň rowaçlanmagyna itergi berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň okgunly ösüşi her birimizi begendirýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi ilatymyzyň ýaşaýşynyň has-da ýokarlanmagyna giň mümkinçilikleri açýar. Şonuň üçin hem bu günki günde halkymyz täze ýeňişlere, üstünliklere öz mynasyp goşandyny goşmak üçin döredijilikli zähmet çekýär. Ýurdumyzyň ýaşlary, bilim işgärleri hem şeýle asylly maksatlardan ugur alyp, ylym-bilimi ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar. Çünki bu günki günde innowasiýalaryň ösdürilmegi, bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy mugallymlary has-da buýsandyrýar. Ynha, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hem ýaşlara bilim bermäge, seýisçilik sungatyny ylmy esasda öwrenmäge we ýaşlara öwretmäge giň mümkinçilikler döredilendir. Bu bolsa geljekde bagtyýar ýaşlaryň bu pudakda özlerini görkezmeklerine, bedewleri saklamakda we seýislemekde goşant goşmaklaryna oňat mümkinçilikdir.

Kämilligiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döwletimiziň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek we onuň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Elbetde, bu alnyp barylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olara dünýäniň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen interaktiw usulda bilim bermek, ylmy gözleglere ugrukdyrmak, saýlap alan hünäriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmeklerini üpjün etmek babatda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Bu asylly işe döwlet möçberinde örän jogapkärli çemeleşilmelidigini dünýä tejribesi görkezýär. Şonuň esasynda, dünýäniň ylmy-innowasion, ruhy-medeni babatda öňdebaryjy tejribeleri giňden öwrenilýär we ösen talaplara laýyklykda, okuw maksatnamalary işlenip düzülýär, bilim-terbiýe bermegiň täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrylýar, usulyýeti kämilleşdirilýär.

Ylym-bilim ösdürilýär

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň dabaralanýandygyna bilim işgäri hökmünde çäksiz buýsanýarys. Ýurdumyzda ýaşlara kämil bilim bermek üçin döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde milli bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlary döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Watana wepaly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmegiň öz gözbaşyny kämil bilimden, edep-terbiýeden alýandygy bolsa, bu günki gün mugallymlaryň has-da jogapkärli bolmalydyklaryny aňladýar. Milli bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamak üçin täze ugurlary we wezipeleri kesgitledi. Olaryň hatarynda häzirki zaman hünärmeniniň zähmet bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we halkara ölçeglerine laýyk hünär derejesini ele almak wezipesi bar. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetiň maglumatlaşmagy şertlerinde ýokary hünär başarnygyna ukyply hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm şerti hökmünde daşary ýurt dillerini öwretmek meselesine hem aýratyn üns bermek zerur bolup durýar.

Biologiýa sapagynda täze usullardan peýdalanmak

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Döwrüň iň ösen enjamlary, kompýuterleri ornaşdyrylan orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim öwretmegiň döwrebap ugurlary ösdürilýär. Bu bolsa ylym-bilimi ösdürmäge, bilim ulgamyny düýpli gowulandyrmaga ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, orta mekdeplerde okuwçylara bilim öwretmek usulyýeti barha kämilleşdirilýär, döwrebap ugurlara aýratyn üns berilýär. Şunda sapagyň many-mazmunyna, guralyşyna, okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrmaga köp zatlar degişlidir. Bu beýan edilenler mugallymyň ussatlygyna we tejribesine bagly bolup durýar. Okuw meýilnamasyna laýyklykda, umumybilim berýän orta mekdepleriň 7-nji synp okuwçylaryna biologiýa dersi boýunça «Suwotular. Olaryň umumy häsiýetnamasy» temalaryny öwretmek göz öňünde tutulýar. Şunda innowasion usullardan, tehniki serişdelerden, görkezme esbaplardan peýdalanmak maksadalaýykdyr. Guraýan her bir okuw sapaklarymyzyň guramaçylyk döwründe okuwçylara geçilýän temanyň mazmunyny düşündirýärin, olaryň öwrenmäge bolan höwesiniň artmagyna aýratyn üns berýärin. Sapagyň ähmiýeti barada yzygiderli düşündiriş işlerini geçirýärin.