Ylym-bilim ulgamy ösüş ýolunda

4 Fewral 2024
495

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmegi, ýokary bilimli, kämil hünärmenleri ýetişdirmegi maksat edinýär. Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-terbiýeçilik edaralarynyň binalarynyň gurulmagy, olaryň işine täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, şol sanda internet arkaly elektron kitaphanalaryň elýeterliligi bilen baglydyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzda döredilýän orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmagyň, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly binýady bolup durýar. Bu günki gün ýokary bilimiň milli ulgamy halkara derejelere çykarylýar. Halkara şertnamalar esasynda ýaşlarymyz isleg bildirýän ugurlary boýunça daşary ýurtlaryň okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.

Ogulgerek AKMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 107-nji orta mekdebiň mugallymy.