Bilim — okgunly ösüşiň binýady

31 Ýanwar 2024
623

Türkmenistanyň milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegini, bilim bermek işine innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak bilen, ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagyny gazanmak türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda kabul edilen milli maksatnamalaryň we giň gerimde amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralary, umumybilim berýän mekdepler, orta hünär we ýokary okuw mekdepleri gurulýar.

Ýurdumyzyň bilim edaralaryna dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary, öňdebaryjy kompýuter we multimedia enjamlaryny ornaşdyrmak babatynda uly üstünlikler gazanylyp, jemgyýetimizi we döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmegiň berk binýady döredildi. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basýan körpelerimize «Bilimli» atly kompýuterler sowgat hökmünde gowşurylýar. Munuň özi döwletimizde körpe nesliň döwrebap bilim almagy we sazlaşykly ösmegi ugrunda edilýän aladanyň ýene bir aýdyň mysalydyr.

Akjagül REJEPOWA,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 3-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.