Döwrebap özgertmeler

30 Ýanwar 2024
712

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda kabul edilýän we üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet hem-de milli maksatnamalaryň özeninde Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly tagallalaryň durmagy ähli ösüşdir özgertmeleriň rowaçlanmagyna itergi berýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň okgunly ösüşi her birimizi begendirýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi ilatymyzyň ýaşaýşynyň has-da ýokarlanmagyna giň mümkinçilikleri açýar. Şonuň üçin hem bu günki günde halkymyz täze ýeňişlere, üstünliklere öz mynasyp goşandyny goşmak üçin döredijilikli zähmet çekýär. Ýurdumyzyň ýaşlary, bilim işgärleri hem şeýle asylly maksatlardan ugur alyp, ylym-bilimi ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar. Çünki bu günki günde innowasiýalaryň ösdürilmegi, bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy mugallymlary has-da buýsandyrýar. Ynha, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hem ýaşlara bilim bermäge, seýisçilik sungatyny ylmy esasda öwrenmäge we ýaşlara öwretmäge giň mümkinçilikler döredilendir. Bu bolsa geljekde bagtyýar ýaşlaryň bu pudakda özlerini görkezmeklerine, bedewleri saklamakda we seýislemekde goşant goşmaklaryna oňat mümkinçilikdir.

Goçmyrat HANOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy.