Ylym-bilim ösdürilýär

30 Ýanwar 2024
726

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň dabaralanýandygyna bilim işgäri hökmünde çäksiz buýsanýarys. Ýurdumyzda ýaşlara kämil bilim bermek üçin döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde milli bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlary döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Watana wepaly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmegiň öz gözbaşyny kämil bilimden, edep-terbiýeden alýandygy bolsa, bu günki gün mugallymlaryň has-da jogapkärli bolmalydyklaryny aňladýar.

Milli bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamak üçin täze ugurlary we wezipeleri kesgitledi. Olaryň hatarynda häzirki zaman hünärmeniniň zähmet bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we halkara ölçeglerine laýyk hünär derejesini ele almak wezipesi bar. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetiň maglumatlaşmagy şertlerinde ýokary hünär başarnygyna ukyply hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm şerti hökmünde daşary ýurt dillerini öwretmek meselesine hem aýratyn üns bermek zerur bolup durýar.

Şakaka GAZAKOW,
Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.