«Geliň, geliň, oýnalyň...»

31 Ýanwar 2024
498

Ýurdumyzda döwrebap şertler bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary hem-de ýokary okuw mekdepleri dünýä ülňülerine laýyklykda gurlup ulanmaga berilýär. Bilim ulgamynyň işini maksadalaýyk özgertmekde, dünýä derejesine çykarmakda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Dünýä tejribesiniň gazananlaryna, innowasiýalara, ýokary tehnologiýalara daýanýan häzirki zaman, döwrebap bilim ojaklarynyň binýady berkden tutulýar.

Çagalar bakja-baglary çagalaryň irki ösüşini üpjün edýär, olary başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlaýar, çagalarda akýüreklilik, adalatlylyk, ululara hormat goýmak, deň-duşlaryny sylamak duýgularyny terbiýeleýär, türkmen halkynyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeniýetine söýgi döredýär.

Sülgün HANGULYÝEWA,
Arkadag şäheriniň 20-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.