Kitapsöýüjileriň duşuşygy

2 Fewral 2024
521

Kitaphanamyzda «Ekologiýa terbiýesi — Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde» diýen mowzukda okyjylaryň duşuşygyny guradyk. Oňa mekdebimiziň kitapsöýüji ýaşlarynyň uly topary höwes bilen gatnaşdy.

Bu çäräni geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplary uly gollanma boldy. Kitapsöýüjiler ýurdumyzda geçirilen uly ekoforumlarda dünýä döwletleriniň Baştutanlarynyň uly toparynyň Türkmenistanyň ýöredýän ekologiýa syýasatyna ýokary baha berendigini, daşky gurşawy goramakda durmuşa geçirilýän işleriň dünýä nusgalykdygyny beýan etdiler. Milli Liderimiziň ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydygy, hormatly Prezidentimiziň Watana bolan söýginiň tebigata söýgi bilen bitewidigi, ekoterbiýäniň möhümdigi barada aýdan parasatly sözlerini mysal getirdiler. Ýurdumyzyň çäginde dünýäniň ekoabadançylygyna oňyn täsirini ýetiren iri taslamalaryň birnäçesi hakynda gyzykly söhbet edildi.

Şirin ESENOWA,
Çärjew etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy