Bilim özgertmeleri — ösüşleriň binýady

31 Ýanwar 2024
400

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýokary derejeli taýýarlykly we häzirkizaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan kämil baş çykarýan ykdysatçylary, tejribeli hünärmenleri taýýarlamagy öz içine alýan giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle hem ony netijeli durmuşa geçirmegiň anyk meýilnamasy milli bilimiň derejesiniň hem-de onuň hiliniň döwrebap ösüşini kesgitlemekde ileri tutulýan ugurlary belleýär. Konsepsiýa laýyklykda täze bilim merkezleri, portallary döredilýär.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Nigara AMANOWA,
Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.