Üstünligiň gözbaşy

30 Ýanwar 2024
720

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýerine ýetirilýän beýik işler paýhasly pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän bagtyýar ýaş nesillere uly ynam bildirilip, her bir işe özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaga, ylym-bilimlerini, zehinlerini açyp görkezmäge we aýdyň beýan etmäge giň mümkinçilikler hem-de ähli zerur şertler döredilýär.

Döwletimizde bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk derejede döwrebaplaşdyrmaga hem-de ösdürmäge, ruhy taýdan kämil, sagdyn, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly nesli ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Röwşen geljegimiz bolan ösüp gelýän bagtyýar ýaş nesilleriň watansöýüji şahsyýetler bolup kemala gelmeginde milli terbiýäniň orny uludyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa milli terbiýäniň esasy binýady bolan nusgawy edebiýatymyza yzygiderli ýüzlenmegimiz aýratyn many-mazmuna eýe bolup durýar. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň döredijiligi bagtyýar ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanmadyr.

Zöhre GARRYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 129-njy orta mekdebiň mugallymy.