Kämilligiň berk binýady

30 Ýanwar 2024
723

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döwletimiziň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek we onuň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär.

Elbetde, bu alnyp barylýan döwlet syýasatynyň çäklerinde ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olara dünýäniň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen interaktiw usulda bilim bermek, ylmy gözleglere ugrukdyrmak, saýlap alan hünäriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmeklerini üpjün etmek babatda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Bu asylly işe döwlet möçberinde örän jogapkärli çemeleşilmelidigini dünýä tejribesi görkezýär. Şonuň esasynda, dünýäniň ylmy-innowasion, ruhy-medeni babatda öňdebaryjy tejribeleri giňden öwrenilýär we ösen talaplara laýyklykda, okuw maksatnamalary işlenip düzülýär, bilim-terbiýe bermegiň täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrylýar, usulyýeti kämilleşdirilýär.

Maral BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çaga stomatologiýasy kafedrasynyň assistenti.