Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

31 Ýanwar 2024
607

Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň bagtly geljegini bilimli nesil bilen berk baglanyşdyrýar. Berkarar döwletimizde bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek, ony dünýä derejesine çykarmak ugrunda tutumly işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň uly aladalarynyň netijesinde bilim we terbiýe bermek üçin multimediýa tehnologiýalary, okatmagyň usulyýetiniň öňdebaryjy iş tejribesi bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.

Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilýän döwründe umumybilim berýän orta mekdeplerde mugallymlaryň tehnologiýalardan peýdalanmak işi sapagyň gyzykly geçmegine, okuwçylaryň az wagtyň dowamynda köp maglumatlary özleşdirmegine şert döredýär, berilýän bilimiň çuňňur bolmagyny üpjün edýär we okuw işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.

Nurbibi Ilmämmedowa,
Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki 14-nji orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.