Görkezme esbaplarynyň sergisi guraldy

2 Fewral 2024
627

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda amala aşyrýan bilim özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmakda döredijilikli zähmet çekýän, hünärine ussat bilim işgärlerini ýüze çykarmak, olaryň iş tejribesini ýaýratmak hem-de ýaş nesle berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen welaýatymyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän okuw-görkezme esbaplarynyň sergisi hem şeýle çäreleriň biridir.

Düýn welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki 40-njy çagalar bakja-bagynyň binýadynda okuw-görkezme esbaplarynyň sergisi guraldy. Oňa öňdebaryjy bilim işgärleri öz taýýarlan işlerini hödürlediler. Sergide has tapawutlanan bilim işgärleri welaýat baş bilim müdirliginiň Hormat haty bilen sylaglanyldy.

Myrat BAGŞYÝEW.
Surata düşüren Merdan Orazow.