Bilimli nesil — kuwwatly Watan

31 Ýanwar 2024
583

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerimiziň bilimli, terbiýeli bolup ýetişmeginde mugallymlaryň wezipesi uludyr. Özüniň yhlasyny gaýgyrmaýan, maksada okgunly mugallymlaryň biri hem Miwe Maksadowadyr. Ol Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup zähmet çekýär.

Miwe mugallym 2019-njy ýylda Marynyň H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini tamamlap, ýokarda adyny agzan mekdebimizde işe başlaýar. Oňa Ogulbossan Agaýewa halypalyk edip, çagalara bilim, terbiýe bermegiň inçe ýollaryny öwredýär. Ýaşlygyna garamazdan, M. Maksadowa göreldeli, işjanly mugallymlaryň hatarynda tanalýar. Ol öz işdeş ýoldaşlarynyň hem-de okuwçylarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanýar.