Döwletimiziň kuwwatly güýji

31 Ýanwar 2024
687

Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýip nygtamagy ýaşlar baradaky aladanyň subutnamasydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda sowatly, kämil hünär taýýarlygy bolan ýaşlary ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bilim ojaklarynyň ösen kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary, hünär saýlamaklary üçin döredilýän şert-mümkinçilikler olaryň bilimler dünýäsine gadam uran ilkinji ädimlerinden başlap, döwrebap bilim almagyna mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzy gülledip ösdürmek, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ruhy we beden taýdan sagdyn, ösen düşünjeli nesilleriň kemala gelmegi ugrunda amala aşyrylýan işler jemgyýetimizde ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmeginde, döwrebap bilim almagynda möhüm ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan belent wezipelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň geljekki eýeleri boljak ýaş nesli ylymly-bilimli, terbiýeli edip ýetişdirmekde biziň — bilim işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Ýaşlary ylymly-bilimli edip ýetişdirmekde, olary watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.

Güljahan Söýünowa,
Gyzylarbat etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.