Taryha ýazylan wakalar
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda belent ruha, beýik işlere beslenen 2024-nji ýylyň tamamlanyp barýan günlerinde geçilen menzillere ser salyp, ýetilen sepgitler barada buýsanyp söhbet edýäris. Şunda 11-nji sentýabrda bolup geçen şanly wakalar hem aýratyn bellenilmäge, gaýta-gaýta nygtalmaga mynasypdyr. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň paýtagtymyzdan sanly ulgam arkaly ak pata bermeginde ýurdumyzyň günorta künjeginde — Tagtabazar etrabynyň çäklerinde, türkmen-owgan serhedinde bolup geçen taryhy wakalar göwünlere ganat eçilen, ýüreklerde röwşen geljege mizemez ynam, umyt döreden tutumly işler hökmünde ebedi ýatda galdy. Diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, eýsem, tutuş sebitiň, umumadamzadyň ösüşlerine oňyn täsirini ýetirjek iri taslamalaryň gurluşygyna badalga berilmegi, möhüm desgalaryň ulanyşa girizilmegi bilen baglylykda geçirilen çärelere gatnaşyp, il-ýurt bähbitli taryhy wakalara dahylly bolmak bagty bize-de nesip etdi. Biz munuň üçin özümizi juda bagtyýar saýyp, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýollary bilen Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da beýgeldýän, halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarys.