Ine, ýene-de bir ýyl taryha girip barýar. Halkymyz bu ýyly hem uly üstünliklere, şanly wakalara besledi. Türkmen daýhany, bu ugurdan iş alyp barýan hususy taraplar, daýhan hojalyklary döwletimiz tarapyndan berilýän ýeňilliklerden hem-de goldawlardan ýerlikli peýdalanyp, 2024-nji ýylda-da ekin ýeriniň her dabanyny alyn derleri bilen suwaryp, bol hasyl ýygnadylar. Biz hem Täze ýyl baýramçylygynyň bosagasynda şeýle daýhanlar barada söhbet açmagy makul bildik.
Kämil ýörelge — nesle görelde