Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 25-nji dekabrda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täze saglygy goraýyş desgasynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň batly depginde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşmagy we gymmatly maslahatlaryny bermegi biz — lukmanlary begendiren wakalaryň biri boldy.
Milli Liderimiziň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleri ylmy esasda ösdürmek, bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýaş hünärmenleriň taýýarlanylyşyny kämilleşdirmek, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetinde hem-de Halkara okuw-ylmy merkezinde seljeriş-intellektual bölümini döretmek, merkezi öz işine ökde hünärmenler bilen üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet bermek, bu saglygy goraýyş edaralaryny we welaýatlaryň onkologiýa merkezlerini bir bitewi intellektual tora birikdirmegiň wajypdygy, şeýle-de onda lukmanlaryň hemişe bökdençsiz, netijeli iş alyp barmagy üçin üznüksiz aragatnaşygyň ýola goýulmalydygy barada aýdanlary, beren tabşyryklarydyr gymmatly maslahatlary ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasaplanýan adamlaryň saglygyny goramagyň esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendiginiň ýene bir aýdyň güwäsi boldy.