«Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi: bol harytlar, ajaýyp sowgatlar, baýramçylyk ruhy

16 sagat öň
30

Ýüreklere joşgun, kalplara ylham, söýgi eçilýän Täze ýyl bosagada. Ýene sanlyja günden dünýäniň tas ähli ýerinde bellenilýän, diňe bir çagalaryň däl, eýsem, ulularyň hem eý görüp garaşýan bu baýramçylygyny halkymyz uly şatlyk-şowhun bilen garşylar. Hut şeýle günlerde ýakynlarymyza berilýän sowgatlaryň arzysy, täsiri başgaça. Ýurdumyzyň islendik söwda nokatlaryna, ak bazarlaryna barsaň, göwün söýen sowgatlyklaryňy tapyp bolýar. Bu baýramçylyga paýtagtymyzdaky «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde hem ykjam taýýarlyk görlüpdir.

Şu ýylyň 17-nji martynda paýtagtymyzda akyldar şahyrymyzyň adyny göterýän giň şaýoluň ugrunda ýerleşýän iri işewürlik hem-de söwda-dynç alyş merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Täze toplum açylan badyna işewürlik durmuşynyň işjeň merkezine, lomaý we bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrülip, bu ýerde täze iş orunlarynyň ýüzlerçesi döredildi. Umumy meýdany 4,7 gektara barabar bolan merkez Täze ýyly ilkinji gezek garşylaýar.

Baýramberdi GELDIMYRADOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.