"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Öňdebaryjy kärhanada

Ugurdaş kärhanalaryň arasynda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan Bäherden etrabyndaky ýüplük fabriginde önümçilik meýilnamalary aýma-aý üstünlikli ýerine ýetirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen on bir aýynyň önümçilik görkezijilerine nazar aýlanyňda hem oňa göz ýetirmek bolýar. Fabrigiň işçi-hünärmenleriniň agzybirlikli zähmetiniň netijesinde, şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 156 million 256 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük öndürildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kärhanada 154,45 göterim ösüş depgininiň gazanylandygyny görkezýär. Kuwwaty ýylda nah ýüplügiň 8100 tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýän öňdebaryjy kärhanada, esasan-da, 27/1, 34/1 belgili nah ýüplükler öndürilýär. Şanly ýylymyzyň başyndan bäri bu ýerde öndürilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply ýüplükler sarp edijilere bökdençsiz ugradyldy.

Sazlaşykly işleriň depgini

Hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy, şeýle hem innowasiýalara esaslanýan işewürligi ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek maksadyndan ugur alyp, 2022-nji ýylyň 12-nji aprelinde gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň gurluşyk işlerine badalga berildi. Täze bilim ojagynyň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasyna ynanyldy. Paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň ugry bilen «Köşi» ýaşaýyş toplumyna golaýlasaň, sag egniňde amal edilýän düýpli gurluşyklarda nazaryň eglenýär. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmasy esasynda gurulýan ýokary okuw mekdebiniň binasydyr.

Magtymgulynyň mirasyna bagyşlandy

Düýn Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz milli uniwersitetiniň guramagynda türki dünýäniň beýik akyldary we Gündogaryň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi boýunça wideoaragatnaşyk arkaly umumy sapak geçirildi. «Magtymgulynyň älemi» ady bilen geçirilen umumy sapagy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Amannepes Şyhnepesow alyp bardy. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr mugallymlary, aspirantlar, ýaş alymlar gatnaşdylar.

Malaý medeniýetiniň merjeni

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklar barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu gatnaşyklar diňe söwda-ykdysady ýa-da ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda däl, eýsem, medeni-ynsanperwer ulgamda hem giň gerim bilen ösdürilýär. Köpetdagyň serçemenli, tämiz howaly künjeginde bina edilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda malaý edebiýatynyň we ylmynyň ösmegine saldamly goşant goşan meşhur şahyr hem görnükli alym Raja Ali Hajiniň heýkeliniň oturdylmagy hem iki dostlukly ýurduň medeni gatnaşyklarynda aýratyn möhüm ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda seýil edip, dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkellerini synlap ýörkäň, dünýä edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döreden, malaý halkynyň milli guwanjy Raja Ali Hajiniň döredijilik mirasynyň hormatyna dikilen belent heýkelde ünsüň biygtyýar eglenýär. Heýkeli synladygyňça, malaý halkynyň beýik söz ussadynyň döredijiliginiň çuňluklaryna aralaşmak höwesiň barha artýar. Çünki Raja Ali özüniň ajaýyp eserleri bilen nusgawy malaý dilini we edebiýatyny täze belentliklere göteren hem-de gadymy ösen medeniýetli halkyň milli edebiýatyny dünýä ýaýan ussat şahyr hem ezber alymlaryň biri hasaplanýar.

Hünärim bar — hormatym bar

Türkmen halky adamzat taryhynda gaýtalanmajak medeni we ruhy gymmatlyklary bilen tanalýan iň gadymy halklaryň biridir. Zergärçilik, halyçylyk, keşdeçilik sungaty, keçe basmak senetçiligi, çeper döredijiligiň aýratyn bir ugry bolan ussaçylyk ösüp, kämil derejelere ýetdi. Häzir ýurdumyzda çeper döredijilik bilen meşgullanýan ussalary has-da döredijilikli işlemäge höweslendirmek, ussaçylygyň halk tejribesini peýdalanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Has tapawutlanyp işleýän ussalara her ýylda «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen hormatly at dakylýar. Düýn Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Halk ussalary — çeper döredijiligiň ussatlary» atly maslahat hem ýurdumyzda çeper döredijilik işine goýulýan sarpanyň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

Bazarlarda haryt bolçulygy

Täze ýyl baýramçylygy golaýlaşdygyça, ak bazarlaryň we söwda nokatlarynyň gelim-gidimi artyp, söwdalar barha gyzyşýar. Şu günler Ahal welaýatynyň çägindäki bazarlara we söwda nokatlaryna baranyňda hem muňa göz ýetirmek bolýar. Welaýatyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Änew şäherindäki «Ak bugdaý» bazarynda hem halka edilýän söwda hyzmatlarynyň derejesi göwnüňi göterýär. Welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Änew alyjylar jemgyýetine degişli bolan bu bazarda ilata ekologik taýdan arassa önümler hödürlenýär. Olaryň arasynda azyk önümleriniň örän köp görnüşleri, Täze ýyl arçalary we olara niýetlenen jäjeklerdir zerler, yşyklandyryjy çyrajyklar, beýleki harytlar bar. Ildeşlerimize elýeterli nyrhlardan hödürlenýän şol önümlerdir harytlara islegiň örän ýokary bolmagy olaryň hiliniň gowudygy bilen hem baglanyşyklydyr.

Maksat — yklym çempionaty

Ýakynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda «Aziýanyň kubogy — 2027-niň» üçünji saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bije çekişlige ikinji sebetden gatnaşan Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy «D» toparça wekilçilik etdi. Duşuşyklary geljek ýylyň 25-nji martynda başlap, 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanjak tapgyryň bije çekişligi 24 milli ýygyndynyň arasynda geçirildi. Olaryň 3-si birinji saýlama tapgyrda garşydaşlaryndan ýeňlen, 18-si ikinji saýlama tapgyrda toparçalarynda üçünji we dördünji orunlary eýelän, galan 3-si bolsa pleý-off tapgyrynda ýeňiş gazanan ýygyndylardyr. Bije çekişligiň netijesinde, bu ýygyndylar alty toparça bölündiler. 2027-nji ýylda Saud Arabystanynda geçiriljek yklym çempionatyna diňe her toparçanyň ýeňijisi gatnaşyp biler. Geçen tapgyrlarda üstünlikli çykyş eden 18 ýygyndy bolsa eýýämden yklym ýaryşyndaky ýerini berkidip goýdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýa geldi

Şu gün günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Malaýziýa geldi. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň bu dostlukly ýurda amala aşyrýan ilkinji saparydyr. Hormatly Prezidentimiziň sapary mynasybetli Kuala-Lumpur şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Soňra howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.

Türkmenistanyň Bitaraplygy — sebitde we dünýäde parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmagyň möhüm şerti

Geçen hepdede ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz Gutlagynda Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize we Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini, şeýle hem ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara derejede wajyp meseleleri dialog arkaly çözmegiň möhüm şertidigini belledi. Baýramçylygyň çäklerinde Aşgabat şäherinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy, şeýle-de paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Hormatly Prezidentimiz gutlag hatynda Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de täze sepgitlere ýetirilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Arkadag şäheriniň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy, şeýle hem Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanylmagy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimizi bu şanly waka bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde üstünlikleri arzuw edýärler. Döwlet Baştutanymyza Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa mähirli gutlaglaryny iberdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy

Aşgabat, 17-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.

Netijeli hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

Paýtagtymyzda 16-njy dekabrda öz işine başlan Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi şu gün tamamlanýar. Biz sergä gatnaşýan eýran kompaniýalarynyň iş ugurlary, Türkmenistan bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslamalar we türkmen işewürleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geljekki maksatlary barada gyzyklandyk. Dostlukly ýurduň dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan telekeçileriniň beren gürrüňlerini gazetimiziň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik. Amangeldi ZAMIR,«Ashuradeh Dairy» kompaniýasynyň iş dolandyryjysy:

Arkadag şäheri — Innowasion mümkinçilikler we ýokary hilli ýaşaýyş

Arkadag şäheri Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp boldy. Abraýly halkara baýrak golaýda Wenada Arkadag şäheriniň wekiliýetine halkara işewür jemgyýetçiliginiň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu hoş habaryň üstüniň ýetirilmegi, ýagny Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy bilen tassyklanylmagy buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Şäheriň dürli ugurlar boýunça birnäçe halkara güwänamalara we diplomlara mynasyp bolmagy ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine we dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigini görkezýär. Arkadag şäheriniň ulanmaga berlen ilkinji gününde halkara sylaglaryň 21-sine, şeýle hem şu ýyl Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara sergide üç sany baýraga, şol sanda iň tapawutlanan «akylly» şäher hökmünde baş baýraga mynasyp bolandygyny ýatlamagyň özi kalbyňy ýakymly duýgulardan doldurýar. Bu baýraklar, ilkinji nobatda, «ýaşyl» ösüş strategiýasyna laýyk gelýän sazlaşykly elektron şäher düzümi üçin berildi. Arkadag şäheri «smart-siti» şähergurluşyk konsepsiýasynyň ýokary talaplary esasynda bina edilýär. Şonuň üçin bu ýerde elektromobilleriň, elektrobuslaryň we elektrotaksileriň hereket etmegi ekologiýa meselelerini çözmekde Türkmenistany

Döwrebap ösüşleriň binýady

Alym Arkadagymyz ýurdumyzda alnyp barylýan ähli işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan bolmalydygyny aýratyn belleýär. Çünki hut şeýle çemeleşme bilen edilen işler ösüşlere ýol açýar. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu ýoly mynasyp dowam etdirýär. Ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini has-da çaltlandyrmaga gönükdirilen wezipeler döwlet maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Şol wezipelere üstünlikli amal etmek üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda hem köp ugurlar boýunça düýpli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Binýatlaýyn we amaly ylymlaryň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň, geljegi uly işläp taýýarlamalaryň giňden ornaşdyrylmagy häzirki zaman dünýäsinde ykdysady ösüşi gazanmagyň, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Ylym-bilim ulgamyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Türkmenistanda häzirki döwürde bu babatda alnyp barylýan işler nusgalykdyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ylmy-nazary, ylmy-amaly barlaglary geçirmek, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan howpsuz we ykdysady taýdan netijeli ýokary tehnologiýalary döretmek hem-de işlenip taýýarlanylan innowasiýalary işjeň ornaşdyrmak üçin amatly şertler döredilýär. Himiýa institutynda alnyp barylýan işleriň hatarynda Hazar deňziniň türkmen kenarynyň ekologiýasy, sement önümçiliginiň netijeliligini ýok

Çagalaryň dostluk döwresinde

Şu günler ýurdumyzda Türkmenistanyň we Eýranyň çagalarynyň dostluk hepdeligi dowam edýär. Onuň Türkmen döwlet gurjak teatrynda geçirilen açylyş dabarasyna Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, doganlyk ýurtdan gelen mugallymlar, terbiýeçiler hem-de paýtagtymyzda bilim alýan mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

Mertlik mekdebinde «alp» düşünjesi

Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp eserinde: «Ata-babalarymyz mertlik, lebzihalallyk, kasama wepalylyk meselesini asyrlardan-asyrlara geçirip, nesilleri terbiýeläpdir. Şol terbiýe bilen hem ilini-ýurduny gorapdyr. Ata-babalarymyzyň durmuşynda il-ýurdy goramak ilkinji orunda goýlupdyr» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýan edişi ýaly, milli taryhymyzyň gatbar-gatbar sahypalarynda ata-babalarymyzyň merdi-merdanalyk, gaýduwsyzlyk häsiýetleriniň waspy aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Pederlerimiziň ynsanperwerligi, parahatçylyk söýüjiligi bilen bir hatarda, ene topragy, agzybirligi, halkyň asudalygyny goramakda şirin jandan geçmek ýaly mukaddes taglymatlarynyň bolandygy äşgärdir. Il içinde şol mertleriň gahrymançylygyny wasp edip, dürli atlary dakmak bolsa, Oguz han döwründen gelýän milli dessurymyzdyr. «Kitaby Dädem Gorkutda» ýaş ýigitleriň göze deger bir iş bitirenden soňra at alýandyklary Bogaç hanyň mysalynda görkezilýär. Ýagny Bogaç han öküziň maňlaýyna ýumruk atyp, ýere serenden soňra şeýle ada eýe bolupdyr. Oňa «Bogaç» adyny hut Gorkut atanyň özi dakypdyr. Munuň terbiýeçilik ähmiýetinde mertlige, gaýduwsyzlyga ruhy itergi duýulýar.

Şirin tagamly süýjülikler

Täze ýyla taýýarlyk görülýän şu günlerde telekeçiler has-da joşgunly zähmet çekýärler. Olar daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň ornuny tutýan harytlaryň köp görnüşini öndürýärler. «Oguzhan» haryt nyşanly şokolad önümlerini öndürýän konditer fabriginiň işçi-hünärmenleri-de Täze ýyl baýramyna ykjam taýýarlyk görýärler. Bu konditer fabrigi 1999-njy ýyldan bäri şokolad önümleriniň dürli görnüşini öndürip gelýär. Bu ýerde önümçilige Türkiýäniň, Hytaýyň iň kämil enjamlary ornaşdyrylandyr. Bu hem ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa şokoladlary öndürmäge şert döredýär. Enjamlar awtomatiki usulda işledilýär. Olara 150 hünärmen erk edýär. Hünärmenleriň aglabasynyň ýaşlardygyny aýtmak ýakymlydyr.

Baýramçylygy asudalykda garşylalyň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri watandaşlarymyzy ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlap, ony asudalykda geçirmegi arzuw edýärler hem-de raýatlara öz maslahatlary bilen ýüzlenip, şulary ýatladýarlar. Köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerlerinde mugallymlaryň, synp ýolbaşçylarynyň, terbiýeçileriň nobatçylygy ýola goýlup, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri doly berjaý edilmelidir. Nobatçylyga bellenilýän ähli işgärler bilen howpsuzlyk çäreleri, ýangyn dörän halatynda adamlary guramaçylykly halas ediş işleri barada gözükdirme geçirip, ol degişli howpsuzlyk kitabynda hasaba alynmalydyr. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegine jogapkär işgärler çäre başlanmazdan öň ähli otaglary, ätiýaçlyk çykalgalary barlap, howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişiniň talabalaýykdygyna, ähli otaglaryň ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleri bilen üpjün edilendigine doly göz ýetirmeli. Ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine jogapkär işgärler arça baýramçylygynyň geçirilýän senesi we wagty barada ýerli ýangyn howpsuzlyk bölümine habar bermeli. Ýokarky örtükleri ýanmaga ukyply binalarda baýramçylyk çäreleri 2-nji gatdan ýokary bolmadyk ýerde geçirilmeli. Arça gurnalan otaglardan göni daşaryk ýa-da binanyň basgançaklaryna çykýan azyndan 2 çykalganyň bolmagyny üpjün etmeli. Geçelgeleriň, çykalgalaryň ugrunda arça g

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 16-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.