"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Paýhas diwany — dünýä dillerinde

Golaýda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby ýene-de birnäçe daşary ýurt dillerine — türk, arap, fransuz dillerine terjime edilip, olaryň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Dabaralara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň professor-mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, bu kitap eýýäm hytaý, ýapon, rus, azerbaýjan, gruzin we ukrain dillerine hem terjime edildi. Bu sanawyň yzygiderli artmagy milli Liderimiziň gymmatly eserlerine dünýä jemgyýetçiliginde gyzyklanmanyň uludygynyň, döwlet Baştutanymyza goýulýan çuňňur hormatyň nyşanydyr. Kitap 12 bölümden ybarat bolup, olarda durmuşyň gönezligi, Zeminiň abatlygy, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, ynsaply bolmak, agzybirlik ýaly düşünjeler giňişleýin beýan edilýär. Kitapdaky: «Häzirki wagtda halkara giňişlikdäki dostlukly gatnaşyklar ösüşleri ýaýbaňlandyrmaga amatly ýagdaýy döredýär. Adamzadyň döreden beýik taglymatlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň ýoly hem dostlukdadyr» diýen sözler halkymyzyň dost-doganlyga uly ähmiýet berýändigini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň baş ýörelgelerini alamatlandyrýar.

Saglygyň gadyryn bilgil...

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna BAE-den, Şweýsariýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidro arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... -9 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +3... +8 gradus maýyl bolar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

AŞGABAT, 1-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Halkara parahatçylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň orny pugtalanýar

BMG agza döwletleriň arasynda Aşgabat jemleýji resminamasyny resmi taýdan ýaýratdy Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Nýu-Ýork şäherinden ýurdumyza hoş habar gelip gowuşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi hem-de agza döwletleriň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy.

Täze “Bagabat” şypahanasy gije-gündiziň dowamynda hyzmatlary ýola goýýar

BAGABAT, 1-nji ýanwar (TDH). Şu gün, 2021-nji ýylyň ilkinji gününde Mejlisiň ýolbaşçylary hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan döwrebap “Bagabat” şypahanasyna bardylar. Şypahana-dynç alyş ulgamy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugrudyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eziz Diýarymyzyň rowaçlygyna, mähriban halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmakda bu ulgama aýratyn orun degişlidir.

Hoş geldiň, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly!

Ýurdumyzyň çar künjeginde Täze ýyl baýramçylygy, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny garşylamak bilen bagly dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Bagtyýar ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagyny aýratyn ruhy göteriliş bilen garşylady. Baýramçylyk agşamy guralan teleköpri arkaly göni ýaýlymda Gahryman Arkadagymyza, şeýle-de külli türkmen halkyna ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli gutlaglar, iň gowy arzuwlar aýdyldy. AHALDA

Ähli ýollar Türkmenistana gelýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyna köňül kelamy Parahatlyk ata-baba däbimiz,Şygyr köňül atly bossana gelýär!Dünýäniň öňünde belent Tugumyz,Ähli ýollar Türkmenistana gelýär!

Ýyldan-ýyla belent maksatlar bilen

...Pikir edip otursaň, wagt täsin närse, ol bir görseň-ä, juda tiz geçýär, bir baksaňam, beýle-de däl ýaly. Onuň tizligi hakda «Ýortup barýan keýgiň şahyny saýalan ýaly» diýýäris. Dünýäde bir hakykat bar: hiç bir zat wagtdan üzňe däl, wagta dahylsyz, ondan emin-erkin ýaşap bilýän janly-jandaram, jansyz närse-de ýok. Her bir öten ýyl — ömür atly bibaha serpaýdan wagtyň gädip alan bölegi. Daglaryň ösýändigi, hawa, baglaryň-a baýaky, daglaryňam ösýändigi wagtyň “aýnasynda” mälim bolýar.

Gar

Küräp durşy «Goýnuň gözünden, düýäň dyzyndan» diýilýäne ýetjege meňzeýär. Gazetiň Täze ýyl sany üçin gar hakda ertirden bäri bir ýazga dümtünip oturan Atda Perreň arassa howada kellesini durlamak üçin edaranyň öňündäki meýdança çykanda, gijöýlän tutan gaý gitdigiçe tutaşýardy, boramak boraýardy. Çykjak gyz ýaly, tutuşlygyna aklyga çolanan Asmangözeliň gözüň ýagyny iýip barýan ak lybasynyň etegi häzir hamala, gözýetime çenli tutuş barlygy öz reňkine öwürjek bolýan ýalydy. Bu görnüşi synlap duran Atda Perreň:

Toý süýjüligi

Birek-birege sowgat etmek ynsanlary ýakynlaşdyrýar, dost-dogan bolup ýaşamaga iterýär. Ýürekden aýdylan gutlaglardyr arzuwlar, dürli sowgatlar bolsa baýramçylyklaryň ýaraşygydyr. Süýji önümlerini sowgat etmek indi Täze ýyl baýramçylygynda hem ajaýyp däbe öwrülip gitdi. Bu maşgala baýramynda ýakynlarymyzy Täze ýylyň süýjülik sowgady bilen gutlamakda bize «Hasar» hojalyk jemgyýeti uly ýardam edýär. Biz indi dost-ýarlarymyzy öz milli önümlerimiz bolan «Hasaryň» süýji-kökeleri bilen gutlap bileris. Indi bassyr 20 ýyldan gowrak wagt bäri telekeçilikde iş alyp barýan, öz süýji-köke önümleri bilen dünýä bazaryna çykmagy başaran «Hasar» hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan işler, bu ýerde önümçiligi ýola goýlan täze önümler bilen tanyşmak maksady bilen, ýakynda bu kärhanada bolduk.

Milli oýunlarymyzyň halkara gadamy

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň mejlisler zalynda milli sport oýunlaryny ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden milli sport oýunlarymyz bilen bagly wekiller gatnaşdy. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Milli sport oýunlary merkeziniň başlygy Şöhratguly Myratgulyýew milli oýunlaryň halkara derejede ýeten sepgitleri barada çykyş etdi. Hususan-da, geçen 2020-nji ýylyň başynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň III halkara maslahatyna gatnaşyjy hökmünde Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň geljekki ýaryşlaryna türkmen milli oýunlarynyň hem birnäçesini girizmek bilen bagly meselä seredilendigini ýatlatdy. Bu mesele boýunça gutarnykly karar 2021-nji ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçiriljek IV halkara maslahatda kabul ediler. Ýöne meşhurlygy ýyl-ýyldan artýan Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň geljekki ýaryşlarynda sadranç, takylatdy, peçiz, düzzüm we bäşdaş ýaly milli oýunlarymyzy görüp bileris.

Balyň peýdasy

Gadymyýetiň akyldarlary we lukmanlary ynsan ömrüniň uzaldylmagynda balyň ähmiýetiniň biçak uludygyny belläp geçipdirler. Statistiki maglumatlara görä, bal tutýanlar beýleki hünärdäki adamlardan köp ýaşaýarlar, seýrek syrkawlaýarlar, iş ukybyny uzak wagtlap saklaýarlar. Şu ýerde ýene bir bellemeli möhüm zat — bal tutýanlar hiç haçan elhenç düwnük keseli bilen kesellemeýärler. Munuň sebäbini alymlar şeýle düşündirýärler: birinjiden, balary idedilýän ýeriň özboluşly mikroklimaty bar. Bu bolsa ynsan bedeniniň bekemegine ýaramly täsir edýär. Bu ýeriň howasy diňe bir arassa bolman, jana şypa berijidirem. Gülleriň, balyň, mumuň, ary ýeliminiň, gül tozgajygynyň ysyna eýlenen howadan ganyp işleýän balçy ne ýadawlyk duýýar, ne-de ysgynsyzlyk. Jana ýaramly howa adam bedenindäki ähli ýagdaýlary sazlaýjy wezipesini ýerine ýetirýän beýniniň bardasyna oňaýly täsir edýär. Geçmişde yzygiderli bal iýip, uzak ýaşa ýetenleriň sany ýüzlerçe, müňlerçe. Bal idedijiler Mejit Adtem we Wera Minkina 101, Ýurdal Akima 103, Maksim Medow 105, Ajy Amet 106, Fýodor Fionow 115, Artýom Lagnaşwili 150 ýaşap geçipdirler. 144 ýaşan Wasiliý Tişkin, 130 ýaşan Foma Wožnýak, 166 ýaşan Gunakbeý Gaziýew, 147 ýaşan Hansimurad Dadaýew, 150 ýaşan Mahmyt Eýwazow bal tutmak bilen meşgullanypdyrlar. Wasiliý Tişkine 143 ýaşyndaka kliniki taýdan barlag geçirilende, onuň gan basyşy simap sütüniniň 110/63 mm barabar bolupdyr. Bal

Pasla görä geýniň, sagdyn boluň!

Häzirki wagtda howanyň düzümindäki tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň derejesiniň peselmegi arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, daşary çykylanda, agyz-burun örtüklerini dakynmak bilen bir hatarda, geýnilýän egin-eşiklere hem aýratyn üns bermekligi talap edýär. Sowuk howada ýeňil-ýelpaý geýinmek, doňaklykda aşagy typançak ýa-da uly ökjeli aýakgapda daşaryk çykmak, ýa bolmasa aşa galyň geýinmek saglyk üçin howpludyr. Gyşda gat-gat geýnilýändigine görä, köpçülikleýin awtoulaglara münülende derlemegiň öňüni almak maksady bilen, üstki egin-eşikleriň iliklerini ýazdyrmaly we başgaplary çykarmaly. Wagtlaýyn ýyly ýere girip derlenenden soň, daşaryk çykylanda, sowuk şemalyň kakmagy bilen, dürli sowuklama kesellerine sezewar bolunmagy mümkin.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany 2021-nji ýyly geljege ynam bilen garşylady

AŞGABAT, 31-nji dekabr — 1-nji ýanwar (TDH). Türkmenistanlylar tutuş dünýä iň gowy geljegi sowgat edip, gadam urýan Täze ýyly hoş niýetler we ajaýyp umytlar bilen garşyladylar. 2020-nji ýyl berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hökmünde Türkmenistanyň taryhynda galdy. 2021-nji ýyl bolsa “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçer. Bu şygary ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tassyklady.

Arkadagyň paýhasy

Ýyl başlanýar bu gün biziň illerdeAdy bilen beýik PARAHATLYGYŇ,Ady bilen keramatly YNAMYŇ! Damja ömri ummanyna gatdygym,Keremine sygynanym, syganym — Ata ýurdum!                           Gutly bolsun Täze ýyl,Goý, hemişe rowaç bolsun ýollaryň!Sen çelgi saýlap sen GOŞA GUDRATY — Isläp onuň giň jahana dolmagyn.

Täze ýyl, rysgally gadamyň bilen Joşup geldiň, geç türkmeniň törüne!

2021-nji ýylyň şygaryny wagyz etmek boýunça wezipeler kesgitlenildi

AŞGABAT, 31-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda 2021-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny wagyz etmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça maslahat geçirildi. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Ruhyýet köşgünde geçirilen bilelikdäki mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan we syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly teklipleri nazarda tutup, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygaryny hem-de onuň nyşanynyň taslamasyny makullady.

Goşa ganat — goşa gudrat

Täze ýylyň şygarynda türkmen döwletiniň baş ýörelgeleri beýanyny tapýar Türkmenistanyň Mejlisi 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etdi. Eýsem-de bolsa, ýurdumyzda täze ýyla BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasy bilen kybapdaş adyň berilmeginiň ähmiýeti nämede? Geliň, şu ýylyň şygary hakynda bilelikde oýlanalyň!