Dünýä nusgalyk ýörelgeler
Geçen, 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda halkymyzy begendiren şatlykly wakalaryň biri-de, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» kitabynyň halkymyza gowuşmagydyr. Bu kitap Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary we içeri syýasatda ýeten belent sepgitlerini, türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri milli ýörelgelere esaslanýan hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda türkmen Bitaraplygynyň esasy özeniniň milli ýörelgelerimize esaslanýandygy taryhy maglumatlaryň, halk döredijiliginiň, etnografiýa maglumatlarynyň üsti bilen açylyp görkezilýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, oňşukly ýaşamak we birek-birege ýardam bermek arkaly parahatçylygy saklamak ýaly ýörelgeler halkymyzyň milli däpleriniň naýbaşysydyr. Hormatly Arkadagymyz kitapda Oguz handan gözbaş alýan türkmen halkynyň antik, irki we ösen orta asyrlar döwründe özüniň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerine ygrarly bolandyklaryny belleýär.