"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Öýüm ýyly — göwnüm ýyly

Birtekiz timarlanan gül-pudaklaryň gülpam keşbi, şaýollaryň iki gyrasyny jähekläp, elmydama ýaşyl öwsüp oturan syrdam daragtlaryň uzyn hatary şäheriň görküne görk goşýar. Daşoguz welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň işçileri görkana şäheriň hemişe göze ýakymly, tämiz hem gözel bolmagy üçin ýagşy işleri alyp barýarlar. Baglaryň içini, ýol eteklerini, ýanýodalary, binalaryň, köp gatly jaýlaryň daş-töweregini arassalaýarlar, şäheriň owadan giňişligini abadanlaşdyryp, gül pürkülen ýaly edýärler. Birleşigiň düzümleri jemagat hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak, olaryň görnüşlerini artdyrmak, gündelik geçirilýän arassaçylyk, abadanlaşdyryş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn işleri alyp barýarlar. Welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň işçi-hünärmenleri “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny täze zähmet üstünliklerine beslemek, öňde goýlan wezipeleri abraý bilen berjaý etmek üçin döredijilikli işlemegiň asylly nusgasyny görkezýärler.

Lebap welaýaty: guwandyryjy netijeler, belent wezipeler

Tamamlanan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly şanly wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Ýurduň, milletiň, mähriban Arkadagymyzyň abraý-mertebesini beýgelden şeýle wakalaryň üsti bilen dünýä jemgyýetçiligi türkmeniň şöhratly ösüş ýolunyň mizemezdigine, halkynyň agzybir we bir maksada gulluk edýändigine ýene-de bir gezek göz ýetirdi. Parahatçylygyň gadyr-gymmatyna oňat düşünýän halkymyz gazanýan üstünlikleriniň hözirini görýär. Muny Lebap welaýatynyň obadyr şäherleriniň ösüş-özgerişlerinde-de aýdyň görmek bolýar.

Diýarym Türkmenistan

Heňňamlaryň hikmeti, rowaç döwrüň güwäsi,Baky Bitarap Watan — Diýarym Türkmenistan.Nesilleriň uýdugy, geljegiň päk sabasy,Baky Bitarap Watan — Diýarym Türkmenistan,Ak Kuýaşly geljege rowanym Türkmenistan. Milletleriň mukamy, yklymlaryň ykbaly,Sahawatyň mekany, älem-jahan ykrary,Gündogaryň Kuýaşy, bagty çüwen ahwaly,Baky Bitarap Watan — Diýarym Türkmenistan,Ak Kuýaşly geljege rowanym Türkmenistan.

Bitaraplyk, parahatlyk merkezi sen, Aşgabat!

«Gül keşbiň ýaraşar güllere, bedew!»

Keramatly türkmen topragynda kemala gelen ahalteke atlarymyz halkymyzyň milli baýlygydyr, buýsanjydyr, ata-babalarymyzyň bize galdyran genji-hazynasydyr. «Asman atlary», «Nusaý atlary», «Behişdi bedewler» diýlip dürlüçe atlandyrylýan nurana bedewlerimiz at tohumlarynyň iň kämili we gadymylarynyň biridir. Şonuň üçin-de at oýnatmak, at üstünde dürli çalasyn oýunlary ýerine ýetirmek türkmen ýigitlerine gadymdan mahsus. Munuň şeýledigine Oguz han atamyzyň ýol-ýörelgesi esasynda ata Watan üçin şan-şöhrat gazanan türkmen gahrymanlary bilen baglanyşykly wakalar, rowaýatlar, şadessanlar arkaly hem göz ýetirmek bolýar. Eýsem, «Görogly» şadessanyndaky Göroglynyň «at oýnadyşy», «at bökdürişi», «altyn gabak atyşy» şondan habar bermeýärmi näme?!

Eller arassa bolmaly

Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek — kesellerden goranmagyň iň ygtybarly usuly. Elleri ýygy-ýygydan ýuwmak peýdaly endik bolup, birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Sebäbi dürli kesel dörediji wiruslar we bakteriýalar ellerde toplanýar, ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Hut şonuň üçin hem hajathanadan soň, nahar iýmezden öň, daşarda gezelenç edilenden soň, asgyrylandan we üsgürilenden soň elleri sabyn bilen ýuwmaly. Eller ýuwulmadyk halatynda adam bedeniniň kesele garşy göreş ukyby gowşaýar. Beden gowşan ýagdaýynda «hapa elleriň keselleri» diýlip atlandyrylýan ýokanç keselleriň döremegi ähtimal. Bu keselleriň hataryna: ýiti iýmit zäherlenmeleri, ýiti içege ýokanç keselleri, ýiti respirator wirus ýokançlary, soguljanlaryň dürli görnüşleri degişlidir.

Limonyň peýdasy

Limon sitrus miweleriniň arasynda iň peýdalylarynyň biridir. Ol C, E witaminleriniň, B toparyndan başlap, ýokumly maddalaryň uly möçberiniň çeşmesi hasaplanýar. Onuň düzüminde demir, fosfor, kaliý we natriý saklanýar. Limonyň adam bedenine peýdasy örän köpdür. Ol adamyň ýokanç kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Häzirki wagtda, gyş günleriniň dowam edýän günlerinde wiruslara we bakteriýalara garşy göreşmekde limon taýsyz serişdedir.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 12-nji ýanwar (TDH). Şu gün Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşyga Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar 2020-nji ýylyň şanly wakasyna — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Žurnal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji dekabrda — Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de şanly senäniň baýram edilmeginiň çäklerinde geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatda eden çykyşy bilen açylýar.

Arkadagyň köňül sahawaty

owgan topragyna bereket eçilýär Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça 8-9-njy ýanwarda türkmen wekiliýetiniň Kabul şäherine sapary bolup, onuň çäklerinde geçirilen Türkmen-owgan iş toparynyň nobatdaky 6-njy mejlisinde sebitleýin howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Owganystanyň ýolbaşçy düzüminiň we degişli döwlet edaralarynyň resmi wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda ulag, aragatnaşyk we elektroenergetika ulgamlary boýunça birnäçe desgalaryň açylyş dabaralaryny geçirmek bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynda Akina — Andhoý demir ýol beketleriniň arasynda 30 kilometrlik demir ýol şahasynyň, umumy uzynlygy 153 kilometr, kuwwaty 500 kW bolan Kerki — Andhoý elektrik geçiriji ulgamynyň, şeýle hem Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy aralygynda halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we ulag geçelgeleriniň açylyşlary bar.

Şanly ýylyň hormatyna

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 16-njy dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda 2021-nji — “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzda giňden belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylamak üçin zerur işleri geçirmegiň, Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetini, many-mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmegiň möhümdigini nygtady. Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynda Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda geçirilen «Gurşap alýar bu gün uly dünýäni parahatlyk, ynanyşmak taglymy» atly dabara hem şu möhüm wezipelerden ugur alnyp guraldy. Dabarada şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi bilen bagly ýerine ýetirilmeli işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görmek, şanly senäni zähmet üstünlikleri bilen mynasyp garşylamak barada gürrüň edildi.

Berkararlygyň synmaz sütünleri

Milli Liderimiziň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi türkmen diplomatiýasynyň gazanan uly üstünligi boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we halkymyzyň islegi bilen bu ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen dabaralanýar. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra parahatçylykly durmuşy üpjün etmek üçin daşary syýasatda hoşniýetli bitaraplygy esasy ugur-ýol hökmünde saýlap aldy. Bu ýolda döwletimiziň yglan eden «Açyk gapylar» syýasaty möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu syýasatyň özeninde ata-babalarymyzyň ähli halklar bilen agzybirlikde ýaşamaga, arkalaşykly hereket etmäge esaslanýan milli häsiýeti durandyr.

Balkan welaýaty: täze üstünliklere ynamly badalga

Ýurdumyzyň Balkan welaýaty dünýäniň ähli künjeklerine uzaýan polat, howa, deňiz-derýa we gara ýollaryň, uglewodorod çig mallaryny akdyrmaga niýetlenen turbageçirijileriň künjegidir. Welaýat bilen içgin tanşanyňda, ummasyz uly giňişlikde asuda çaýkanyp ýatan mawy deňizde, ululy-kiçili derýalardyr çeşme-çaýlarda, belent başly daglaryň aýagujundan ýaýlyp gidýän uç-gyraksyz sähralardyr mes toprakly ýaýlalarda, ýokumly ot-çöplere baý bolan öri meýdanlarda nazaryň eglenýär. Çar ýany beýik dag gerişleri bilen gurşalan Margyz, Sumbar, Çendir jülgeleriniň okgeçmez jeňňellikleridir gyrymsy tokaýlyklary, çeşme-bulaklary, Hazar deňziniň durnanyň gözi ýaly arassa suwly hem çägesöw kenary, uç-gyraksyz Garagum sährasynyň pasly-baharlarda läle-reýhana gark bolýan giňişlikleri özüne jennetiň bir künjegidir diýdirýär. Diňe bir Garabogaz köli sözüň doly manysyndaky hazynalar ojagydyr. Guwlyduzuň ätiýaçlyk gorlary hem tapylgysyz baýlyklarymyzyň hatarynda durýar. Ýurdumyzda çykarylýan nebitiň esasy bölegi, tebigy gazyň milliardlarça kub metri, balyk we balyk önümleriniň köp bölegi, şonuň ýaly-da nahar duzunyň, tehniki ýoduň, uglerodyň, bromuň ähli möçberleri sebitde jemlenendir. Sapaly dynç alşyň merjenine öwrülýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň, Demirgazyk — Günorta demir ýol geçelgesiniň, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň, Gündogar — Günbatar gaz geçirijisiniň, Garabogazdaky karbamid zaw

Bir heýkel bar — dutar

süňňi daşdan bolsa-da, ýürekleri ýumşadýar Men ony her gün-ä diýmäýin, ýöne aýda bir, bolmanda, iki aýdan bir gezeg-ä hökman görýärin. Her gezek görenimde-de, has dogrusy, daşyndan aýlanyp geçenimde, çünki ol uly çatrygyň ortasyndaky tegelekde ýerleşdirilipdir — «Ussaňa berekella!» diýip geçýärin. Sizem şeýlesiňiz-le, ony görmezlik, görübem haýran galmazlyk mümkin däl. Sebäbi ol — dutara dikilen heýkel.

Waspy dillerde dessan

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde açylan ýylyň ilkinji wagtlaýyn sergisi «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr» diýlip atlandyrylýar. Adyndan hem belli bolşy ýaly, sergi 2021-nji ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy. Muzeý bu sergini welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde gurady. Soňky döwürde bu iki medeni ojagyň arasynda bilelikdäki sergileri guramak asylly däbe öwrüldi. Olaryň geçen ýyl hem bilelikdäki sergileriň birnäçesini gurandygyny habar beripdik. Şu gezekki sergi hem şol hyzmatdaşlygyň bir miwesidir.

Iň uly baýlyk — baş saglyk

Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen döwlet derejesinde degişli çäreler geçirilýär. Alnyp barylýan bu işler her birimiziň saglygymyza has ünsli çemeleşip, ony gorap saklamaga borçlandyrýar. Kähalatda saglygymyza biperwaý garamagymyz, adaty arassaçylygyň ýönekeý düzgünleriniň berjaý edilmezligi dürli keselleriň, ýiti iýmit zäherlenmesiniň ýüze çykmasynyň we gaýra üzülmesiniň esasy sebäbi bolup bilýär. Hut şonuň üçin, azyklyk çig mallaryň saýlanyşyna, taýýarlanyşyna we saçaga äberilişine, iýmit önümleriniň, dürli tagamlaryň utgaşdyrylyşyna ünsi güýçlendirip, berjaý edilmeli düzgünleri talabalaýyk ýerine ýetirmeli. Her bir maşgalada nahar taýýarlamak işi azyklyk çig maly satyn almakdan başlanýar. Şonuň üçin hem bu önümleri diňe azyk söwdasynyň satuwy rugsat berlen söwda nokatlaryndan — bazarlardan we azyk harytlarynyň söwdasyny amala aşyrýan dükanlardan almaly. Azyk önümleriniň söwdasy edilende, onuň belgileniş nyşanynda görkezilýän maglumatlara, ýagny hökmany suratda ýaramlylyk möhletine, saklanyş şertlerine, düzümine, daşky görnüşine, önümiň ysyna, reňkine we beýleki ýagdaýlaryna üns bermeli. Azyk önümleri satyn alnanda, çalt zaýalanýanlaryny, ýagny süýt, et we şöhlat, konditer, balyk we deňiz önümlerini, ýumurtgany diňe zerur mukdarda almaga endik edinmeli, ylaýta-da, howanyň yssy wagtlary bu endigi berk berjaý etmek

“Syýasat we jemgyýet” žurnaly

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar Bitaraplyga, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen ýylda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesine we onuň çäklerinde geçirilen dabaralara bagyşlandy. Umumy syn beriji häsiýetdäki makala döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dünýä giňişliginde alyp barýan möhüm işleriniň biri hökmünde kesgitlän, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garalýar. Hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine daýanmak arkaly däp bolan bu gatnaşyklar häzirki döwürde ählumumy maksatly möhüm meseleleri öz içine almak bilen, çäklerini barha giňeldýär.

Döwrüň çyragy — ýylyň şygary

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde täze, 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Bu dabara ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Biz dabarada bolup, onda çykyş eden medeniýet we sungat işgärleriniň birnäçesiniň buýsançly sözlerini ýazga geçirdik. Pygy BAÝRAMDURDYÝEW,Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň baş režissýory,Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri:

Guwandyryjy netijeler — täze belentliklere badalga

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda jemgyýetçilik-syýasy guramalara möhüm ornuň degişlidigini nygtaýar, olaryň işi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Munuň şeýledigine 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň mysalynda-da göz ýetirmek mümkin. Onda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň geljekki möhüm wezipeleri kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň esasy wezipeleriniň halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbitlerine amala aşyrylýan maksatnamalary we özgertmeleri syýasy taýdan goldamakdan, merdana halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrmakdan, jemgyýetde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakdan ybaratdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda innowasiýa tehnologiýalary, ylmyň gazananlary, sanly maglumatlar gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülýär, şol bir wagtyň özünde jemgyýetçilik gatnaşyklary düýpli özgerýär. Bu ýagdaý jemgyýetçilik guramalaryndan täzelenişi hem-de iş usullaryny kämilleşdirmegi talap edýär.

Ahal welaýaty: rowaçlygyň röwşen menzilleri

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Watanymyzda her bir ýyl şan-şöhrata beslenip, taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly hem eziz Diýarymyza, il-ulsumyza rowaçlyklary, üstünlikleri getiren ýyllaryň biri boldy. Gadymy Ahal ýaýlasynda durmuşyň dürli ugurlarynda ýetilen sepgitlere, gazanylan üstünliklere nazar aýlanyňda-da, bu hakykata göz ýetirýärsiň. Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň depginli ösýän welaýatlarynyň birine öwrülen Ahal welaýatynda halk hojalygynyň dürli ugurlarynda guwandyryjy işler alnyp baryldy, iri taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyryldy.