Ahal welaýaty: rowaçlygyň röwşen menzilleri

12 Ýanwar 2021
1848

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Bitarap Watanymyzda her bir ýyl şan-şöhrata beslenip, taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly hem eziz Diýarymyza, il-ulsumyza rowaçlyklary, üstünlikleri getiren ýyllaryň biri boldy. Gadymy Ahal ýaýlasynda durmuşyň dürli ugurlarynda ýetilen sepgitlere, gazanylan üstünliklere nazar aýlanyňda-da, bu hakykata göz ýetirýärsiň.

Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň depginli ösýän welaýatlarynyň birine öwrülen Ahal welaýatynda halk hojalygynyň dürli ugurlarynda guwandyryjy işler alnyp baryldy, iri taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyryldy.

Aýdo ŞEKEROW.
“Türkmenistan”. Surata düşüren awtor.