"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Adam hakdaky aladanyň aýdyň beýany

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ornuna uly ähmiýet berýär. Munuň şeýledigini geçen ýylyň 16-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatyndan hem görmek bolýar. Bilşimiz ýaly, islendik ulgamda ösüş gazanmak üçin ýaş, öz işinden gowy baş çykarýan, döwrebap hünärmenler gerek. Ýaşlary zähmete höweslendirmek barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz şunuň bilen bagly Kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde hem möhüm wezipeleri goýdy. Şol wezipeleriň hatarynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny dowam etdirmek işiň netijeli bolmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Çünki halypa diňe bir iş öwrediji däldir, ol gerek bolsa ýaş hünärmene özüniň paýhasly öwüt-ündewlerini hem ýetirip durmalydyr, bökdençlik bolan ýerinde ony goldamalydyr.

Sähranyň dirilik çeşmesi

«Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurulmagy bilen, ýurdumyzyň halk hojalygyny, oba hojalygyny ösdürmekde täze mümkinçilikler döredi. Kölüň taslamasy ekologiýa taýdan möhüm ähmiýetli innowasion taslama bolup, dünýäniň suw serişdelerini gorap saklamak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly umumadamzat meselelerini çözmäge ýurdumyzyň uly goşant goşýandygyny subut edýär. Garagumuň uly emeli suw howdanynyň sebitini özleşdirmegiň konsepsiýasynyň we ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde uly işler amala aşyrylýar. Bu ýerde täze durmuş-önümçilik toplumy kemala gelýär. Ymgyr sähranyň özleşdirilmegi, köl güzerinde täze obanyň döredilmegi ýurdumyzyň maldarçylyk, ekerançylyk we balykçylyk pudaklaryny has-da ösdürmäge mümkinçilik berýär.

2020-nji ýyl: taryhyň röwşen sahypasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Biz geljekki ösüşlerimizi aýdyň görýäris, döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň meýilnamalaryny ynamly düzýäris. Giň, köpugurly halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen oýlanyşykly syýasatymyz geljege ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär. Bagtyýar halkymyz 2021-nji ýyly — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny uly ynam, aýdyň maksatlar bilen garşylady. Bu ýyl, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris.

Lukmanlar maslahat berýär

Howanyň sowuk döwründe adam bedeninde birnäçe üýtgeşmeler bolup, möwsümde ýiti ýokanç keselleriň ýokuşma howpy artýar. Bu döwürde dürli kesellerden goranmak üçin şu aşakdaky kadalary berjaý etmek maslahat berilýär. — Jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly we howpsuz aralygy saklamaly.

Sözüň gadamy

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda dünýäde «Halkara parahatçylyk hem ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň gelmegi mynasybetli türkmen sözüniň gadamy hakda oýlanma Eýsem, sözde gadam bolup bilermi?! Türkmenistanyň tejribesi sözde gadamyň bardygyny, üstesine, onuň tizlige-de eýedigini görkezýär. Özi-de şunda olary adaty ölçeg birlikleri bilen ölçäp bolmaýar. Dogrudan-da, sözüň (biz şu gürrüňimizde diňe ýagşy sözi göz öňünde tutýarys) agramyny nädip ölçejek, tizligini nädip kesgitlejek?! Munda başgaça ölçegleri ulanmaly bolýar. Ölçeg diýýänimiz sözüň adamlara täsiri hem-de onuň ilden-ile geçip, dünýä ýaýraýşy.

Täze ýyl arzuwlary

Sygyr ýyly ýola düşdi,Aýlar-günler owuz bolsun!Allaň beren gözel ömri Gabyk däl-de, maňyz bolsun! Diňe ýagşylygy görýän,Rehnet nurly gözüň bolsun!Doga edip göterýäniň — «Watan!» diýen sözüň bolsun!

Abadan ýaşaýşyň binýady

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahat geçirildi. Forumda eden çuň manyly çykyşynda milli Liderimiz oňyn Bitaraplyk ýörelgesini esas edinýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda ýetilen ägirt uly sepgitler barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji mejlisinde ileri tutýan garaýyşlaryny ýene bir ýola dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirdi we bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň netijeli boljakdygyny nygtady. Şunda türkmen Bitaraplygynyň milli we sebit howpsuzlygyny üpjün etmekdäki goşandy aýratyn bellärliklidir. Geçen çärýek asyrlyk tejribe Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň milli, sebit we halkara derejede parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm guralyna öwrülendigini aýdyň görkezdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şol wagtky agza döwletleriniň ählisiniň biragyzdan goldamagynda Türkmenistan daşary syýasatda oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy we onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk hem-de özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara hem-de şertnamalara gatnaşmazlyk

Durmuş goraglylygynyň hukuk kepillikleri

Ýurdumyzda ata-babalarymyzyň agzybirlik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelgeleriň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda giň gerim almagyna, adamlaryň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ilatymyza ýaşaýyş jaý we durmuş hyzmatlary (saglygy goraýyş, bilim ulgamlary boýunça), azyk bolçulygy, tebigy gazyň, elektrik togunyň, arassa agyz suwunyň we nahar duzunyň bahalarynyň elýeterliligi boýunça hukuk kepillikleri döredilýär. Ata-babalarymyzyň durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ahlak ýörelgelerinden ugur alnyp kämilleşdirilýän kanunlar milli bähbitleriň goraglylygyny üpjün edýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli özgertmeleriniň özenini, ýagny adam we onuň eşretli ýaşaýşy baradaky belent maksatlaryny şöhlelendirýär. Döwletimizde her bir adamyň durmuş goraglylygyny kepillendirýän, ynsanperwerlige ýugrulan kadalar Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alýar. Esasy Kanunymyzyň 54-nji maddasynda raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren, işsiz galan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine hukugynyň bardygy beýan edilýär. Mundan başga-da ýaş we köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara, şeýle-de döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goramagyň hatyrasyna saglygyny ýitiren adamlara döwl

Kämil ylym — köpugurly ösüşlere şamçyrag

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy hem-de ýakyn ýardamy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda: «Ylym almak — iňňe bilen guýy gazmak», «Ylym — yhlas» diýen ýaly çuň manyly jümleler getirilýär. Bu paýhasly sözler ylmyň jemgyýetdäki möhüm ornundan habar berýär. Durmuşyň ykbal kesgitleýji, aýgytlaýjy meselelerini üstünlikli çözmegiň ýeke-täk ýoly ylymdyr. Şol sebäpli ylym döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylmy ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge uly üns berilýär. Alymlaryň ylmy-barlaglary alyp barmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdügini belleýär.

Milli metbugat: döwrebap şertler we talaplar

Metbugat — döwrüň aýnasy. Döwrüň gündelik keşbi onuň sahypalarynda öz şöhlelenmesini tapýar. Şeýlelik bilen hem döwrüň her demi, ýürek urşy şol sahypalarda taryh bolup galýar. Şu hakda oýlananyňda: «Taryh ilki gazetde ýazylýar» diýen jümle hakydaňa dolýar. Biz bu ýerde döwrüň demi diýip onuň her bir täzeligini, ýürek urşy hökmünde bolsa wakalaryny göz öňünde tutýarys. Olar bir ýerde durman, yzygiderli täzelenip, dowam edip durýar. Döwrüň şol täzelikleridir wakalary bilen döwür bolýandygyny, hut şolar bilen hem dowam edýändigini görüp, duýup bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri göwün galkyndyryjy täzelikleri, ykbal özgerdiji wakalary bilen ýurdumyzyň bu günki şöhratly taryhynyň sahypalaryna ýazylýar. Bu ajaýyp döwri esaslandyryjy milli Liderimiz islendik ulgamda alnyp barylýan işlerde döwrüň talabyndan ugur alynmalydygyny hemişe nygtaýar. Şu babatda 2020-nji ýyl döwür bilen aýakdaş gitmekligiň has-da işjeňleşen ýyly boldy diýsek ýalňyşmarys. Bu ýylda ýiti ýokanç kesel zerarly dünýäde dörän ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly ädimlerini birjik-de gowşatmady. Şonuň bilen birlikde-de döwrüň öňde goýan täze wezipelerinden ugur alnyp, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden has işjeň, netijeli peýdalanyldy. Bu jähetden, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzak aralykdan, wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ençeme duşuşyklary, maslahatlary

Çar tarapdan, çyn ýürekden

Bagtyýarlyk dessany Ýurdumyzda ýyldan-ýyla bagtyýarlyk dessany ýazylýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda asyrlara barabar beýik işler bitirilýär. Şol beýik işleriň her biriniň waspy dessana laýyk. Şol beýik işleriň waspyndan bagtyýarlyk dessany döreýär. Biz hem ony ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlarda yzygiderli ýerine ýetirip gelýäris.

Myhman öz rysgaly bilen gelýär

Bir ýigidiň obalaryndaky bir gyza göwni gidipdir. Ýöne onuň sözaýdyjylary gyzyň: «Bile ýaşamaga razy, ýöne yzyna adam tirkäp gelse halaman. Şoňa razy bolsa, toý şaýyny tutaýsyn» diýýändigini oňa jikme-jik aýdypdyrlar. Ýigidiň birbada gahary geljek bolupdyr. Garaz, ýaş maşgala, wagt geçse özgerer diýen pikir bilen onuň şertine razy bolup, oňa öýlenipdir. Bir günem daşarda böreňläp ýagyş ýagypdyr. Ýoldan barýan ötegçiniň biri ýagyşdan goranmak üçin, olaryň öýüniň yk tarapyna çekilip durupdyr. Oňa gözi düşen ýigit näme etjegini bilmändir. Ony yzyna tirkäp gelse, gelnine beren sözünde durmadygy boljak. Ol ahyry: — Ejize hossarlyk etmeýänden adam bolmaz. Meniň bir wagtky beren sözüm ýadymda. Ýöne tamymyzyň ygynda duran bendäni öýümize salmasak bolmaz. Sen garşy bolsaňam, men oňa: «Gel!» diýmän bilmerin — diýipdir.

«Gül Zemin» görk berýär gözel paýtagta

Türkmen telekeçileriniň guran bu döwrebap binasy paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyryna aýratyn görk berýär. Agzybir halkymyz toý-baýramçylyklarda dürli naz-nygmatlary, ter gök-bakja önümlerini hem-de dürli görnüşli miwe şerbetlerini, süýjüliklerdir toý saçaklaryny bezejek beýleki harytlary bu ýerden elýeterli bahalardan satyn alýar. Üç gatdan ybarat bolan täze söwda-dynç alyş merkezi owadan, milli binagärlik keşbi bilen göreniň ünsüni özüne çekýär. Binanyň içine gireniňde bolsa, täsinlikler dünýäsine aralaşan ýaly bolýarsyň. Sag egniňde ak diwaryň ýüzündäki ak bedewleriň çarpaýa galan keşbine gözüň düşýär. Bu — mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ak ýollar bilen öňe barýan bagtyýar halkymyzyň ak arzuwlarynyň wysal tapýandygynyň alamaty. Bu görnüşi eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşleri bilen baglasaň, has-da jüpüne düşýän ýaly. Çünki islendik ýurduň ösüşine onuň ak bazarlaryndaky haryt bolçulygy bilen baha berilýär. Täze açylan söwda-dynç alyş merkeziniň içindäki, esasan-da, birinji gatynyň tas ýarysyny diýen ýaly eýeläp oturan «Ak marketdäki» azyk we senagat harytlarynyň bolçulygy-da Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ösüşleriň ak ýolundan barýandygynyň güwäsi bolup şöhlelenýär.

Çille gary — ýeriň gany

Türkmenleriň milli senenamasyna nazar aýlasaň, ata-babalarymyzyň gyş paslyny dört bölege bölendigini görmek bolýar. 22-nji noýabrda başlanýan garagyş öz ornuny 7-nji dekabrda uly çillä berýär. 8-nji dekabrdan başlanýan uly çille bolsa 17-nji ýanwarda öz ornuny kiçi çillä berýär. Kiçi çille 7-nji fewrala çenli dowam edýär-de, soň ornuny ahyrky garagyşa berýär. Eždatlarymyz gyş pasly barada gyzyla gaplaýmaly pähimleri, nakyllary we atalar sözüni miras galdyrypdyrlar. Geliň, olaryň käbirine göz aýlalyň: «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz», «Gyş gamyny ýaz iý, ýaz bolmasa — güýz», «Gyş geýjegiňi tomus taýýarla, tomus geýjegiňi — gyş», «Ýazyň ýuwundysy — gyşa gatyk». Şu pähimleriň her birinde umman ýaly giň many bar, olaryň her birinde gyşa taýýarlykly barmalydygy ündelýär.

Baş agyryp, baldyr syzlamasyn diýseň...

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy netijesinde ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak ugrunda uly tagallalar edilýär. Döwlet derejesinde keselleriň öňüni alyş işleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylyp, bu işe uly möçberde döwlet serişdeleri gönükdirilýär. Şonuň üçin hem biziň her birimiz özümiz hakynda edilýän bu aladalary nazara alyp, öz saglygymyza paýhasly çemeleşmäge, ony gorap saklamaga borçludyrys. Jemgyýetçilik ýerlerine barlanda, daşaryk çykylanda, agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynyp, howpsuz bolan 2 metr aralygy saklamaly, ellerimizi ýygy-ýygydan ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy erginleri ulanmaly. Gyş paslynyň sowuk howaly günlerinde, esasan-da, gartaşan adamlar saglyk ýagdaýyna has ünsli bolmaly. Pasla görä geýinmeli. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli, sagdyn iýmitlenmeli. Iýmit önümlerini maşgala üçin gerek bolan mukdarda taýýarlamaly. Olary ertesi güne galdyrmak maslahat berilmeýär. Täze taýýarlanylan iýmit önümlerini dogry kabul etmeli we sowadyjylarda saklamaly. Eger-de siz bejeriji berhizleri tutýan bolsaňyz, onda tagamlary diňe lukmanyň beren maslahatlary boýunça taýýarlamaga çalşyň! Gök önümleri we miweleri köpräk iýiň! Bedeniň gan basyşy, gandaky süýjiniň mukdary gözegçilikde saklanylmalydyr. Munuň özi garaşylmadyk iýmit zäherlenmelerinden, gan basyşyň beýgelmeginden we ganyň düzümindäki süýjiniň mukdaryny

Almanyň peýdasy

Lukmanlar saglygymyz üçin miweleriň peýdasynyň örän uludygyny nygtaýarlar. Ýakymly ysy we tagamy bilen tapawutlanýan alma hem witaminlere we minerallara baý, iň ýokumly miweleriň biri hasaplanýar. Almanyň düzüminde organiki turşulyklar, şeker, glýukoza, fruktoza, efir ýaglary, A, K, C, E, B6 witamini, kletçatka, pektin maddalary, mineral duzlar (demir, marganes, kaliý, natriý, kalsiý), fitonsidler we beýleki maddalar saklanýar.

Täze Ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan maslahat

AŞGABAT, 4-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen tassyklanan bu şygar halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly teklipler nazara alnyp, öňe sürüldi.

Ykdysady strategiýa: durnukly ösüşi üpjün etmegiň ýolunda

Geçilen menzillere ser salmak, ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitlemek oňat däpleriň biri bolup, ol döwletlilikden nyşandyr. 2020-nji ýylyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimiziň dürli düzümleriniň, ýagny ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, ulag-kommunikasiýa, obasenagat we söwda toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatlarynda geçen döwürde gazanylan netijelere baha bermegi we ösüşiň geljekki ugurlaryny kesgitlemegi dünýäde we ýurdumyzda dowam edýän durmuş-ykdysady ýagdaýlary nazara alyp, döwrüň çagyryşlaryna öz wagtynda seslenmäge mümkinçilik berýän netijeli usullaryň biridir. Tejribeden görnüşi ýaly, ykdysadyýet çylşyrymly ulgamlaryň biri bolup, onuň dürli düzümleriniň arasynda sazlaşygyň üpjün edilen ýagdaýynda ýokary netijeleri gazanyp bolýar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan oňyn netijeler munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr. Hususan-da, 2020-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ortaça 5 göterimden ýokary derejede üpjün edilmegi we adatdan daşary ýagdaýlara garamazdan, bu ösüş meýliniň häzirki günlerde hem saklanmagy milli ykdysadyýetiň sagdyn hereket edýändigini, has takygy, onuň ösüşe ukyplydygyny görkezýär. Horm

Buýan — derde derman

Geçen ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren mejlisinde ýurdumyzyň baý tebigy dermanlyk gory, şolaryň hatarynda buýan ösümliginiň ynsan saglygyna peýdasy, onuň ýokanç keselleriň öňüni alyjylyk, bejerijilik aýratynlyklary barada aýtdy. Milli Liderimiz buýanyň adamyň kesellere garşy immun durnuklylygyny berkidýändiginiň hem anyklanylandygyny aýtmak bilen, bu ösümlikdäki işjeň madda bolan glisirrizin turşusynyň häzirki döwürde bütin dünýä bolup garşysyna göreşilýän koronawirus ýokanjyna garşy netijeli serişdeleriň biri bolup biljekdigini nygtady. Ýurdumyzyň «ýaşyl» dermanhanasynyň ähmiýeti, şeýle-de buýan köküniň adam saglygyna peýdasy barada Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary şeýle gürrüň berýärler: Muhammetguly ATAGARAÝEW, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň farmakologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty:

Islegli sowgatlyk önümler

Dünýä senenamasynyň iň naýbaşy baýramçylygy — Täze ýyl täsinlikleriň, şatlyk-şowhunyň, şol sanda-da sowgatlaryň baýramy hökmünde uly-kiçi, hemmelere aýratyn ýakym paýlady. Bu baýramçylykda Täze ýyl sowgatlary bilen halkymyzy begendirmek indi ýurdumyzyň önümçilik kärhanalarynyň hem asylly däbine öwrüldi. Ýokary hilli dokma önümleri bilen diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem, dünýä ýurtlarynda-da uly meşhurlyga eýe bolan Aşgabat dokma toplumy hem Täze ýyly mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylap, ildeşlerimizi özboluşly baýramçylyk sowgatlary bilen begendirmekde aýratyn işjeňlik görkezen öňdebaryjy kärhanalaryň biri. Däp bolşy ýaly, Aşgabat dokma toplumy tarapyndan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň mynasyp garşylamakda göwnejaý işleriň ýerine ýetirilendigini paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň söwda nokatlarynydyr göçme söwda bazarlaryny bezeýän «ADT» haryt nyşanly sowgatlyk önümleriň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar. Toplumyň Täze ýyl üçin niýetlenen sowgatlyk harytlary, esasan, «öý dokmasynyň» önümleri bolup, olaryň arasynda çagalar üçin oýnawaçlardan başlap, el çalgyçlarynyň we sütükli çalgyçlaryň dürli görnüşleri, ýörite gaplanan sowgatlyk önümler hem bar. Iň esasy bellemeli zat bolsa «ADT» haryt nyşanly dokma önümleriniň ýokary hilli, ekol