"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halallygyň ölçeg birligi

Iller-günler ak diýseler, aksyň sen,Iller-günler gök diýseler, göksüň sen,Iller-günler bir zat diýýän bolsalar —Takmynan, takmynan, şonçaraksyň sen. Türkmeniň Mylly agasy hakynda pikir edenimde, hemişe galamdaşymyň şu setirleri ýadyma düşýär. Bu garagöz ymmatda gadymlardan bäri üýtgewsiz bir ýörelge bar: il-günüň kesen nyrhynyň kösti bolmaýar. Takmynan, takmynan, şonçarak çykýar.

«Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy»

Türkmeniň dana Magtymgulusy «Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy» diýipdir. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby, ilkinji nobatda, türkmeniň beýik şahyrynyň halk, nesil saglygyny, ruhubelentligini gazanmaga degişli ündewleriniň durmuşa geçirilişini hem şöhlelendirýär. Şeýle bolansoň, mähriban Arkadagymyz alym we lukman hökmünde, dermanlyk ösümlikleri dogry we talabalaýyk ulanmagyň zerurdygyny, däri dermanlar dogry ulanylanda, adamlaryň ondan anyk peýda tapjakdyklaryny öwran-öwran nygtaýar. Alym Arkadagymyz: «Biziň ata-babalarymyz ilkinji «tebigy dermanhana» hasaplanan dermanlyk ösümliklere ýüzlenipdirler» diýmek bilen, her bir dermanlyk ösümlik hakynda söz açanda, onuň halk lukmançylygyndaky orny baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrýar. Ata-babalarymyzyň dürli dertlerde, aýratyn-da, ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni almakda buýandan emleri taýýarlamagyň ähmiýetini, müň bir derde em bolýan buýanyň köküniň häsiýetini, biologik aýratynlyklaryny we himiki düzümini beýan edeninde, dem alyş ýollarynyň sökelliklerinde, üsgülewükde buýan köküni ýerlikli we ylmy esasda peýdalanmagyň anyk ýollaryny salgy berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyndaky maglumatlarda il arasynda «süýji buýan» diýlip hem atlandyrylýan bu ösümligiň «...ylmy hem-de halk lukmançylygynda içdäki ýaraly

Pasla görä geýinmek — keselleriň öňüni almagyň ygtybarly şerti

Her bir paslyň özüne mahsus gözelligi we aýratynlygy bar. Adam bedeni bolsa pasyllaryň çalşygynda möwsüme görä uýgunlaşmaga çalyşýar. Munda immun hem-de madda alyş-çalyş ulgamy has işjeň herekete girýär. Bedeniň möwsüme görä has gowy uýgunlaşyp bilmegi üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmeli. Gyşda adam ýokumly tagamlary kabul etmäge has köp isleg bildirýär. Sowuk howada beden ýylamak üçin energiýany has köp sarp edýär. Ýokumly tagamlara et we et önümleri, balyk, däneliler, çörek, mesge we bu önümlerden taýýarlanan dürli milli tagamlarymyz, ýagny, noýbaly el unaşy, mäşli palaw we beýlekiler degişlidir. Gyşyň aýazly günlerinde adamlar limonly, itburunly, bally çaýa has köp isleg bildirýärler. Dürli miweleriň ter şireleri, hususan-da, naryň şiresi örän peýdalydyr. Ýöne gartaşan adamlara bulary degişli lukmanlar bilen maslahatlaşyp peýdalanmak zerur.

Kitaphana — ylym ojagy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy netijesinde, türkmen medeniýeti döwrebap derejede ösdürilip, kämilleşdirilýär we bütin dünýä ýaýylýar. Medeniýet — döwrüň hem jemgyýetiň ruhy sütüni. Halkyň durmuşy, ýeten derejesi onuň medeniýetinde aýdyň ýüze çykýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň bimöçber uly tagallasy bilen gülleýän medeniýetimizde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylygy, abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy öz beýanyny tapýar.

Ýyllar we ýollar

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ilkinji günlerindäki oýlanmalar Deňiz — gadymy, tolkunlary — täze

Çar tarapdan, çyn ýürekden

Eşretli durmuşyň höziri Geçen, 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly düşümli, rysgal-bereketli ýyllaryň biri boldy. Welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylary halk hojalygynyň ähli pudaklarynda döredijilikli we öndürijilikli zähmet çekmek bilen, belent sepgitlere ýetdiler. Bugdaý, pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän azyk, gök-bakja we miwe önümlerini hem-de senagat harytlaryny öndürmekde aýratyn işjeňlik görkezýärler. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokary götermek üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda hem welaýat merkezi Mary şäherinde 4 gatly, 88 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi gurlup, welaýatymyzyň ýaşaýjylaryna sowgat edildi. Şunlukda, ildeşlerimiziň köp sanlysy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýyly täze jaýda garşy aldylar.

Ýaşlar syýasaty: täze maksatnama — täze wezipeler

Hormatly Prezidentimiz 8-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ilkinji mejlisinde Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady. Öňňin bu taryhy waka mynasybetli paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi edarasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guramagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Biz hoşallyk maslahatynda çykyş edenleriň käbiriniň buýsançly gürrüňlerini ýazga geçirip, okyjylara ýetirmegi makul bildik. Ýazmuhammet ÖWEZBERDIÝEW,Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy:

Döwür we sanly tehnologiýalar

Häzirki wagtda ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumynyň edaralary tarapyndan hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda gol çeken «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Kararyny durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň çäginde ykdysady toplumyň edaralary tarapyndan pudaklaýyn web-saýtlary döretmek we müşderilere menzilara hyzmatlary hödürlemek, öndürilýän, ýerlenilýän önümlere elektron görnüşde salgyt salmak, tölegleri milli bank kartlarynyň üsti bilen sanly ulgam arkaly geçirmek göz öňünde tutulýar. Pudaklaýyn web-saýtlary döretmek we müşderilere menzilara hyzmatlary hödürlemek meseleleri, esasan, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň ählumumy globallaşmagy şertlerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki zaman ykdysadyýetinde maliýe ulgamy adamyň durmuşynyň ähli taraplaryny gurşap almak bilen, aýgytlaýjy orun eýeleýär. Bu ösen ýurtlarda ilata menzilara hyzmatlary hödürlemek, öndürilýän, ýerlenilýän önümlere elektron görnüşde salgyt salmak, tölegleri milli bank kartlarynyň üsti bilen sanly ulgam arkaly geçirmek süýşürintgileriň esasy böleginiň maýa goýum işlerine çekilmegi bilen alamatlandyrylýar. Häzirki zaman internet tory bu işe iň bir uzak sebitleriň, ýurtlaryň we yklymlaryň ýaşaýjylaryny çekmäge uly mümkinçilik döredýär. Dünýä ykdysadyýeti maliýe ba

Mähir mukamly mekan

Parahatçylyk, agzybirlik, jebislik bilen birlikde, mähir-söýginiň, dost-doganlygyň mekany Bitarap döwletimiziň paýtagty Aşgabadyň gözleri gamaşdyrýan lowurdyly, nurana keşbinden, onuň bu günki gözellik dünýäsinden ildeşlerimiz gana-gana lezzet alýarlar. Arkadag Prezidentimiziň saýasynda, ylla, Erem bagy kimin, daş-töweregine nur paýlaýan merjen şäherimiz gijesi-gündizi, gyşy-tomsy gül kamaty, gözellik dünýäsi bilen ýüreklere ylham berýär. Aslynda, ähli pasylda goýny gök begresli, gül parçaly Aşgabadyň ynsan kalbyny heýjana salýan ajaýyp keşbi hemişe toý zynatyna beslenýär. Paýtagtymyz — ýaşamak üçin amatly, dynç almak üçin eşretli, ähli görkezijiler babatda dünýä nusgalyk şäher. Tutuş süňňüni bag-bakjaly, serhowuzly seýilgähler gurşap alan, ak şäherimiz Aşgabadyň gün-günden gözelleşmeginde, beslenýän her bir toý lybasynda birleşigimize degişli etrap bagçylyk şeýle hem arassaçylyk müdirliklerimiziň hünärmenleriniň yhlasyny hem döredijilikli zähmetini görmek biziň üçin buýsançlydyr. Güller içinde gülleýän, bag-bakjasy, tämiz howasy, rahat durmuşy bilen göwünleri galkyndyrýan paýtagtymyzy gurşap alýan gök zolaklarda öz işine ussat gülçülerimizdir bagbanlarymyzyň kämilligi, erjelligi bilen birlikde, olaryň zähmetiniň miwesi görünýär. Ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna we gözelleşmegine mynasyp goşant goşýan hünärmenlerimiz täze açylýan binalardyr desgalaryň daş-töwe

Tebigaty goramak — parz

Senagat taýdan ösen häzirki zaman dünýäsinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, ilkinji nobatda, daşky gurşaw bilen adamzat ýaşaýşynyň sazlaşygyny gazanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly gaýragoýulmasyz wezipeleri çözmek wajyp bolup durýar. Şunda tebigy we içki täsirleriň netijesinde ýüze çykýan dürli ekologiýa ýagdaýlarynyň öňüni almakda halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmek, onuň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, süýji suwa mätäçlik babatdaky kynçylyklaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler häzirki zaman adamzat ýaşaýşynyň ilerlemeginde esasy şertleriň birine öwrüldi. Türkmenistan ýurt Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, ekologiýa meselelerini çözmekde ählumumy tagallalaryň zerurdygyny öňe sürüp gelýär. Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygy, howanyň maýlamagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan dürli hadysalaryň öňüni almak, tebigatyň biodürlüligini gorap saklamak babatdaky başlangyçlary bütin dünýäde giň goldawa eýe boldy. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän işler dünýä nusgalykdyr. Daşky gurşawy goramak, Araly halas etmek, Hazaryň biodürlüligini gorap saklamak we bu deňzi özara dostlugyň, parahatçylygyň deňzine öwürmek, ykdysady mümkinçiliklerini deňhukukly peýdalanmak, Hazaryň geografik taýdan amatly şertlerini peýdalanmak ýaly ençeme umumadamzat ähmiýetli meselelerde-de Türkmenistanyň başlangyçlary

Bir gün duza — müň gün salam

Berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy üçin senagatyň köp pudaklarynyň binýady bolup hyzmat edýän tebigy baýlyklarymyzyň ähmiýeti juda uludyr. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki «Guwlyduz» kombinatynda çykarylýan nahar we tehniki duzlar hem ata Watanymyzyň esasy tebigy baýlyklarynyň biridir. Hazar deňziniň demirgazyk ýakasyndaky aýlagyň kenarynda ýerleşýän, ýurduň himiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanasy bolan bu kombinatda gazylyp alynýan duzuň möçberleri sarp edijileriň isleglerini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Tutuş Diýarymyzda bu mukaddes önümiň ähli möçberlerini taýýarlaýan bu kärhanada geçen ýyl gazylyp alnan duz 94,6 müň tonnadan hem geçirilip, meýilnama 102 göterime golaý amal edildi. Şonuň 84,1 müň tonnadan hem gowragy däneli duzlardyr. Gürrüňi edilýän ýylda taýýarlanylan nahar duzunyň möçberi bolsa 20 müň tonna golaýlady.

«Näm-aýt, Seýdi tagmaň barmy?!»

Osman ÖDÄÝEW Oglan mahalymyz agşam naharyna üýşülende ýa-da şamlyk iýmäge oturylanda, atam pahyryň:

Lukmanlar maslahat berýärler

— Agyz-burun örtüklerini ulanyň! — Azyk önümleriniň howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý ediň! Çig we taýýar iýmitleri kesmek üçin aýratyn pyçaklary we tagtalary ulanyň!

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 27-si baglaşyldy. Gonkongdan, Owganystandan, Özbegistandan gelen işewürler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar hem-de yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem ulag benzinini satyn aldylar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradus sowukdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18... +23 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

AŞGABAT, 8-nji ýanwar (TDH). Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Türkmenistandaky wekili bilen iş duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda netijeli gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplanylan karz bermek we maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli düzümleýin taslamalara Ýewropa bankynyň gatnaşmagynyň geljegine garalmagy duşuşygyň aýratyn meselesi boldy.

Ýurdumyzyň ýokary synp okuwçylary takyk dersler boýunça halkara ders bäsleşigine gatnaşdylar

Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň topary 7-nji ýanwarda Gazagystan Respublikasynda uzak aralykdan fizika, matematika we informatika dersleri boýunça badalga alan halkara ders bäsleşigine gatnaşýar. Onda dünýäniň 21 döwletinden, şol sanda Ermenistandan, Awstriýadan, Belarusdan, Daniýadan, Gruziýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Rumyniýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Serbiýadan, Täjigistandan, Ukrainadan, Özbegistandan, Gazagystandan we beýlekilerden zehinli ýaşlaryň 1006-sy öz ukyp-başarnyklaryny görkezerler.

Türkmenistan — bagtyýarlygyň ýurdy

Anastasiýa PAWLOWA,GDA-nyň Ykdysady ösüş işewürlik merkeziniň syýahatçylyk komitetiniň ýolbaşçysy:

Elektron tehnologiýalar eýýamy we sanly bilim ulgamy

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek, bu ugurdaki işleri kämilleşdirmek babatda uzak geljegi nazarlaýan özgertmeler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek we bilimiň ähli basgançaklarynda elektron bilim maglumatlaryny giňden ornaşdyrmak hem-de bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň geçen, 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda gol çeken Karary esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagynda Innowasiýa maglumat merkezi döredildi. Merkeziň işiniň esasy maksady bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, bilimiň mazmunyny baýlaşdyryp, bilim edaralaryna sanly ulgam üçin zerur bolan elektron okuw-görkezme esbaplaryny, okuw-wideo we audiomateriallary, elektron okuw kitaplaryny we gollanmalary taýýarlamaga ýardam bermekden, bilim edaralarynyň maglumat we innowasiýa tehnologiýalary babatdaky işlerini utgaşykly alyp barmakdan hem-de durmuşa geçirilýän bilim maksatnamalary boýunça bilim bermekden ybaratdyr. Türkmenistanyň bilim edaralarynyň öňünde goýlan derwaýys wezipelerden ugur alyp, kämil innowasiýa aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we hyzmat etmek işlerini bir ölçegde kadaly dolandyrmak bu merkeziň paýyna düşýär. Şunlukda, Innowasiýa maglumat merk

Sünnäli senediň senetkäri

— Men Çary agany indi on ýyla golaý wagt bäri tanaýan. Welaýatymyzda islendik adamdan saz guralyny ýasaýan ussany sorasaň, olaryň ählisi biragyzdan Çary agany salgy berer. Adamlaryň onuň ýasaýan saz gurallaryna bolan islegi ýokary. Ýiti zehin, yhlas siňdirilip ýasalýan saz gurallary welaýatymyzyň çäginde, şeýle-de ýurt derejesinde bellenilýän toýdur baýramlary şirin mukamlar bilen bezeýär — diýip, Lebap welaýatynyň «Türkmen gündogary» gazetiniň fotosuratçysy Merdan Orazow gürrüň berdi. Merdan aga mamla. Milli saz gurallarymyzy ýasamakdan döwlet tapanlaryň biri, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäheriniň Çagalar sungat mekdebiniň saz gurallaryny bejeriji ussasy bolup zähmet çekýän Çary Gutlyýew indi ýedinji onlugy tegeläp, sekizinjä gadam basypdyr. Ussa ýigrimi bäş ýaşyndan bäri saz gurallaryny ýasamak bilen meşgullanýar. «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, kakasy Gutly aganyň asylly kärini dowam etdirýän on dört doganyň körpesi bolan Çary agada saz gurallaryny ýasamak höwesi çagalykdan döräpdir. Onuň bu ugurda kämilleşmeginde doganlarynyň hyzmaty örän uly bolupdyr. Ol Saýat etrabynyň 1-nji orta mekdebinde okaýan uçurlary boş wagtlary eline tut agajynyň bölegini alyp, ony ýonup hem özboluşly bir şekil ýasap, ejesi Rozygül gelnejä görkezip begenerdi. Ene oglunyň bu höwesi hakda ýanýoldaşyna gürrüň berýär. Şeýde-şeýde, uly doganlarynyň kömegi bilen saz gurallaryny