"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Arkadag» toparynyň nobatdaky üstünligi

«Arkadag» toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandylar. Arkadag şäheriniň adybir topary ýurdumyzyň Ýokary ligasyndaky çempionlygynyň, Naýbaşy Kubogynyň üstüni ýurdumyzyň Kubogy bilen ýetirdi. Bu topar «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahaly» 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Topara ýeňiş getiren goly oýnuň 45-nji minutynda Begenç Akmämmedow geçirdi. 2023-nji ýylyň başynda döredilen «Arkadag» toparynyň Kubok bäsleşiginde bassyr ikinji ýyl ýeňiş gazanandygyny bellemek gerek. Geçen möwsüm geçirilen final duşuşygynda bu topar «Ahaly» 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy.

Bilim bermegiň döwrebap usullary

Milli ykdysadyýetimizde alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat döwründe bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdirilýändigini, mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlaryň halkara ders bäsleşiklerinde, internet olimpiadalarynda ýokary netijeleri görkezendikleri bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» öňde goýlan maksatlar okatmagyň usulyýetini has-da ösdürmäge, döwrebap usullary peýdalanmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şol sanda dil biliminiň kämil derejede ösdürilmegine, daşary ýurt dillerini öwretmegiň okuw-usulyýet binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, dünýä dilleriniň çuňlaşdyrylmagyna ähmiýet berilýär. Çünki bilim ulgamynyň çalt ösýän döwründe mekdep okuwçylarynyň daşary ýurt dillerine erk edişini kämilleşdirmek möhüm wezipeleriň biridir. Şu jähetden, çagalar baglaryndan başlap, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça geçilýän sapaklarda täze usullardan peýdalanylýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 21-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynyň barşynda birnäçe kanunlaryň kabul edilendigi barada aýdyldy. Olar häzirki döwrüň talaplary hasaba alnyp hem-de degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň teklipleri esasynda işlenip taýýarlanyldy. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, hukuk tertibini, kanunçylygy pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär.

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi. * * *

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere ýurduň Magdeburg şäheriniň Täze ýyl bazarynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Pyragynyň ilinden Afrika yklymyna

Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragyny «Türkmen şygryýetiniň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzy» diýip atlandyrmak bilen, onuň döredijiligine örän ýokary baha berýär. Doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň bolsa söz ussadynyň adynyň arşa göterilip, «parlak ýyldyz» hökmünde has ýiti ýalkym saçan ýylyna öwrülendigi aýdyň hakykatdyr. Ýylyň dowamynda onuň ýubileýi mynasybetli Ýer ýüzüniň çar künjeginde — Aziýa, Ýewropa, Amerika yklymlarynda dürli mazmunly çäreleriň 170-e golaýynyň geçirilmegi-de muňa anyk delil. Şahyryň gymmatly mirasy ÝUNESKO, TÜRKSOÝ ýaly ýöriteleşdirilen düzümleriň hem üns merkezinde boldy. Şanly ýylyň ahyrky günlerinde-de türkmen halkynyň beýik oglunyň ady ýene bir täze meýdançada — Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) ştab-kwartirasynda ýaňlandy. 18-nji dekabrda şol ýerde geçirilen çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde iş saparynda boldy.

Parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen

Türkmenistan agzybirligiň, asudalygyň, parahatçylygyň tarapdary bolmak bilen, ynsanperwerlik we döwletlilik ýoly bilen öňe barýar. Şunda döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy halkara hukugyň we diplomatiýanyň esasy ýörelgeleriniň sazlaşykly utgaşmasyny öz içine alýan işjeň gural bolup öňe çykýar. Bitarap Türkmenistanyň garaýyşlarydyr başlangyçlary ählumumy derejede parahatçylygy goramak, howpsuzlyk we durnukly ösüş, sebit hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlarda resminamalary işläp düzmekde, kabul etmekde möhüm orun eýeledi. Munuň özi ýurdumyza üstaşyr energiýa geçirijilerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, halkara söwdadyr ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny pugtalandyrmaga, ynsanperwer gatnaşyklary we beýleki ugurlary çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Şu zatlar barada pikir edeniňde, türkmen döwletiniň islendik ýurduň dünýä giňişliginde yglan eden maksatnamalarynyň we iş ýüzündäki ädimleriniň mazmunyna, daşary syýasat ugrunyň filosofiýasynyň düýp manysyna düşünmegiň açarynyň şol döwletleriň daşary syýasatynyň içeri syýasat bilen aýrylmaz baglanyşygynda jemlenýändigi baradaky garaýşa gulluk edýändigine düşünmek kyn däl. Şeýle nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistan içerki durmuşynda parahatçylyk söýüjilik, jemgyýetde agzybirlik, sabyrly garaýyşlara eýermek hem-de ynsanperwerlik kadalaryny durmuşa geçirýär. Şeýle bolansoň, Türkmenistanyň hemişeli

Türkmenistan — Malaýziýa: bilim bilelikdäki ösüşlere ýol açýar

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky bilim ugurly gatnaşyklar 2014-nji ýylyň 10-njy iýunynda Aşgabatda Ýokary bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekilmegi bilen täze derejä çykdy. Häzirki wagtda Malaýziýada 300-e golaý türkmen talyby bilim alýar. 18-19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa amala aşyran ilkinji resmi sapary bilim ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmekde hem örän netijeli boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Malaýziýanyň Ýokary bilim ministrliginde duşuşyklary geçirdiler. Olarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylyp, gepleşikleriň jemleri boýunça iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Biz hem şular barada döwletara hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açan taryhy sapara gatnaşan ýurdumyzyň degişli bilim ojaklarynyň ýolbaşçylarynyň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik.  

Taryhyň beýikligi — nesilleriň buýsanjy

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Şu günler bu gymmatly eser bilen baglanyşykly tanyşdyrylyş dabaralary yzygiderli geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu kitabyň elimize gowuşmagy bizi diýseň buýsandyrdy. Şöhratly taryhymyza söýgi döretmekde kitabyň ähmiýeti örän uludyr. Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda: «Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan geçmişi, taryhy — mertligiň, gahrymançylygyň, ygrarlylygyň, belent ahlaklylygyň taryhydyr» diýip, örän jaýdar belleýär. Kitapda bellenilişi ýaly, meşhur alym Wadim Masson türkmen topragynda geçmişde döredilen Altyndepe we Gadymy Margiana siwilizasiýalarynyň, Parfiýa, Beýik Seljukly döwletleriniň tutuş adamzadyň taryhyna täsir edendigi barada ýazypdyr. Gahryman Arkadagymyz bu ägirt uly siwilizasiýalaryň we döwletleriň öňüsyrasynda Gadymy Änew medeniýetiniň gülläp ösendigini göz öňünde tutmalydyrys hem-de şunuň bilen birlikde şan-şöhraty dünýä taryhynyň bezegine öwrülen Horezmşalar döwleti hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr diýen adalatly pikiri öňe sürýär.

Balkanyň bereketli bazarlary

Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem Täze ýyly mynasyp garşylamak üçin ykjam taýýarlyk görülýär. Welaýatyň söwda nokatlarydyr ak bazarlaryndaky önümleriň hem-de sowgatlyk harytlaryň bolçulygyny göreniňde göwnüň göterilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň dükanlaryň we bazarlaryň ýokary hilli azyk önümleri we sowgatlyk harytlar bilen bolelin hem-de elýeterli bahalardan üpjün edilmegi barada beren tabşyrygynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigine şaýatlyk edýär. Şu günlerde welaýatyň köpugurly söwda bazarlarynda azyk önümleriniň, sowgatlyk harytlaryň, Täze ýyl arçalarynyň we olaryň dürli öwüşginli bezegleriniň söwdasy barha gyzyşýar. Welaýatyň şäherleridir etrap merkezleriniň Täze ýyl arçalary bilen bezelen ajaýyp künjeklerinde, döwlet eýeçiligindäki hem-de hususy söwda nokatlarynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Balkan welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat boýunça bölümi tarapyndan giňden ýola goýlan baýramçylyk söwdalary alyjylary diýseň begendirýär.

Guýrukly depe

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň arheologik ýadygärliklerini öwrenmekde netijeli işler alnyp barylýar. Bu gymmatlyklaryň taryhy türkmeniň şöhratly geçmişi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şeýle ýadygärlikleriň biri hem özboluşlylygy bilen açyk asmanyň astyndaky muzeý hasaplanýan Guýrukly depe arheologik ýadygärligidir. Ol Sarahs şäherçesinden 10 kilometr demirgazykda ýerleşip, III — VIII asyrlar bilen senelenýär. Guýrukly şäheri Parfiýa we Sasanylar döwrüne degişli, ölçegi 130x160 metrlik köşkdür. Onuň beýikligi 12,61 metr bolup, girelgesi gündogar tarapda bolan diýlip çaklanýar. Depäniň bir tarapy peselip, daşyndan seredeniňde, guýrugyň şekilini ýada salýar. Şol sebäpli ýerli ilat ony «Guýrukly depe» diýip atlandyrypdyr. Ýadygärlikde 1953 — 1957-nji ýyllar aralygynda arheolog G.Adykowyň, 1964 — 1970-nji ýyllarda Ö.Orazowyň ýolbaşçylygynda degişli arheologik toparlar tarapyndan ylmy-barlag işleri alnyp baryldy. Guýrukly depede 2010-njy ýyldan «Köne Sarahs» döwlet taryhy-medeni goraghanasy bilen bilelikde, türkmen-polýak arheologik ekspedisiýasynyň gatnaşmagynda gazuw işleri geçirilýär. 2014-nji ýyldaky işleriň esasy maksady bu depäniň gorag diwarlaryny wagt taýdan senelendirmek we dolandyryş köşgüniň şekilini ýüze çykarmakdan ybarat bolup, işler Guýrukly depäniň gündogar we günorta-günbatarynda alnyp baryldy.

Uly Amyderýa pilburny

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň sergi zalynda ýurdumyzda duş gelýän haýwanlaryň we ösümlikleriň dürli görnüşleriniň şekilleri ýerleşdirildi. Olaryň arasynda bekre balyklar maşgalasyna degişli bolan Uly Amyderýa pilburny daşky sypatynyň üýtgeşikligi bilen ünsüňi özüne çekýär. Uly Amyderýa pilburny Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Bu görnüş Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň sergi zalynyň «Amyderýa» döwlet goraghanasyna bagyşlanan diwarlygynda görkezilýär. Sebäbi bu balyk diňe Amyderýada duş gelýär we döwlet tebigy goraghanasy tarapyndan goralýar. Uly Amyderýa pilburny Aziýanyň endemigi, düýbünden ýitip barýan görnüş hökmünde populýasiýasynyň goralyp saklanmagy we ähmiýeti taýdan dünýä möçberinde gymmatlydyr. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 1985-nji, 2009-njy, 2011-nji ýyllardaky neşirlerine we täze — 2024-nji ýyldaky neşirine girizildi. Ol XX asyryň başlarynda Amyderýanyň orta we aşaky akymynyň ähli ýerlerinde, Pänj, Wahş, Kafirnigana we Gyzylsuw derýalarynyň aşaky akymynda, XX asyryň ikinji ýarymynda joşly Jeýhunyň kä ýerlerinde hem-de Garagum derýasyndan «Hanhowuz» suw howdanyna çenli aralykda gabat gelýärdi. Häzirki wagtda diňe Amyderýada we onuň ýokary akymynda, Özbegistanyň we Täjigistanyň çäklerinde duş gelýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Serbiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri guradylan buýan köküni we buýan köküniň baldagyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6... +11 gradus maýyl bolar.

2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

«Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirýän we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýan, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlygy ösdürýän Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Şu ýylyň noýabr aýynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde geçirilen duşuşyklar, gepleşikler, forumlar hem munuň aýdyň güwäsidir. 1-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara pul gaznasynyň geňeşçisi, Azerbaýjan we Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda bu gazna bilen geljekki hyzmatdaşlygyň meselelerine seredildi, şeýle hem ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen bagly meýilleri maslahatlaşyldy.

Aşgabat — Kuala-Lumpur: alyslary ýakynlaşdyrýan dostluk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi sapary barada söhbet Ählumumylaşan dünýäde ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar geografik menziller bilen ölçenmeýär. Bähbitleriň bitewüligi, maksatlaryň umumylygy, garaýyşlaryň deňligi alyslyklary ýakyna getirýär. Ynha, Türkmenistanyň aralykda ençeme daglar keserip, deňizdir ummanlar çyrpynyp ýatan, 6 müň kilometrden gowrak uzakda ýerleşen Malaýziýa bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy-da munuň aýdyň güwäsi.

PIKIRLER, GARAÝYŞLAR

Mohd Suhaimi bin Ahmad TAJUDDIN,Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi:

Döwlet gullukçysynyň guramaçylyk medeniýeti

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda: «Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler biziň ählimizden jogapkärçilikli, yhlasly zähmet çekmegi, ýokary netijeleri gazanmagy talap edýär» diýip nygtamak bilen, eziz Watanymyzyň, häzirki we geljek nesillerimiziň öňündäki jogapkärçiligimizi nazara alyp, ýurdumyzyň häkimiýet edaralarynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmelidigine ünsi çekdi. Munuň özi döwlet gullukçylarynyň hünär ussatlygynyň, häzirki zamanyň innowasion sanly tehnologiýalaryny öz işinde ulanmagy başarmagynyň, guramaçylyk medeniýetiniň we edebiniň wajyplygynyň barha artýandygyny hem tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, «Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda döwlet gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslary, Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet gullugyna bolan hukuklaryny durmuşa geçirmeginiň şertleridir tertibi kesgitlenilýär. «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bolsa döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine, işewür sypatlaryna talaplary ýokarlandyrmaga gönükdirilen kadalar berkidilen. Şeýle-de Kanunda döwlet gullukçysynyň hünär işini mynasyp amala aşyrmagynyň tertibi, özüni alyp barmagynyň düzgünleri bellenilýär.

Türkmenistan — egsilmez tebigy baýlyklaryň mekany

Garaşsyzlyk ýyllarynda milli nebitgaz senagatynyň ösüşinde ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Şunda «Türkmennebit» döwlet konserniniň işine uly orun degişli bolup, häzir onuň gury ýerlerde ýerleşýän ýataklarynyň 30-dan gowragynda iş alnyp barylýar. Olarda nebitli, nebitgazly we gazly gatlaklaryň ýüzlerçesi bar. Konserniň kärhanalarynda çykarylýan uglewodorod çig malynyň alnyşyny durnuklylaşdyrmak, möçberini artdyrmak işleri ýataklaryň işlenip taýýarlanyşyny çaltlandyrmagyň, täze meýdançalary we düzümleri özleşdirmegiň hasabyna amala aşyrylýar. Nebitgaz toplumynda ylmyň soňky gazananlary we innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Nebitli we gazly känlerde iş alyp barmakda baý tejribeleri bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan degişli känlerde nebitgaz çykarýan we gaz gysyjy desgalaryň, nebit ýygnaýjy nokatlaryň birnäçesi guruldy, ýokary basyşly gazlift usulynyň öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirilýär. «Hazar», «Goturdepe» we «Serdar» gaz gysyjy desgalary gurlup, ulanyşa girizildi.

Lukmançylykda dünýä tejribeleri özleşdirilýär

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan baýry ýokary okuw mekdebi bolmak bilen, milli hem-de halkara tejribäniň oňyn gazananlaryndan ugur alyp, giň gerimli okuw, usuly, terbiýeçilik, ylmy hem-de bejeriş işlerini alyp barýar. Uniwersitetiň kafedralarynyň aglabasy ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş merkezlerinde we hassahanalarynda binýatlyk kafedralar hökmünde ýerleşýär. Tassyklanan okuw maksatnamasyna laýyklykda, olar mugallymçylyk we ylmy, okuw-terbiýeçilik işlerinden daşgary, bejeriş-anyklaýyş işlerini-de alyp barýarlar hem-de ýurdumyzyň ähli künjeginde näsaglara gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek boýunça hyzmat edýärler. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek babatda alnyp barlan işleriň çäginde uniwersitet BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň tory bolan «Youth4Health» guramasyna agzalyga kabul edildi. Şunda esasy wezipe Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, abraýly halkara guramalar bilen saglyk, abadançylyk meseleleri boýunça ýaşlaryň işjeňligini artdyrmakdan, olaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaklaryny gazanmakdan ybaratdyr.