Guýrukly depe

2 gün öň
57

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň arheologik ýadygärliklerini öwrenmekde netijeli işler alnyp barylýar. Bu gymmatlyklaryň taryhy türkmeniň şöhratly geçmişi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şeýle ýadygärlikleriň biri hem özboluşlylygy bilen açyk asmanyň astyndaky muzeý hasaplanýan Guýrukly depe arheologik ýadygärligidir. Ol Sarahs şäherçesinden 10 kilometr demirgazykda ýerleşip, III — VIII asyrlar bilen senelenýär. Guýrukly şäheri Parfiýa we Sasanylar döwrüne degişli, ölçegi 130x160 metrlik köşkdür. Onuň beýikligi 12,61 metr bolup, girelgesi gündogar tarapda bolan diýlip çaklanýar. Depäniň bir tarapy peselip, daşyndan seredeniňde, guýrugyň şekilini ýada salýar. Şol sebäpli ýerli ilat ony «Guýrukly depe» diýip atlandyrypdyr.

Ýadygärlikde 1953 — 1957-nji ýyllar aralygynda arheolog G.Adykowyň, 1964 — 1970-nji ýyllarda Ö.Orazowyň ýolbaşçylygynda degişli arheologik toparlar tarapyndan ylmy-barlag işleri alnyp baryldy. Guýrukly depede 2010-njy ýyldan «Köne Sarahs» döwlet taryhy-medeni goraghanasy bilen bilelikde, türkmen-polýak arheologik ekspedisiýasynyň gatnaşmagynda gazuw işleri geçirilýär. 2014-nji ýyldaky işleriň esasy maksady bu depäniň gorag diwarlaryny wagt taýdan senelendirmek we dolandyryş köşgüniň şekilini ýüze çykarmakdan ybarat bolup, işler Guýrukly depäniň gündogar we günorta-günbatarynda alnyp baryldy.

Jahan BAÝRAMOWA,
Sarahs şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy.