Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary
Aşgabat, 14-nji dekabr (TDH). Şu gün ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giň gerimde bellenildi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynyň mejlisler zalynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pudagyň işgärlerine iberen Gutlagyny uly höwes bilen diňlediler. Gutlagda nebitçileriň, gazçylaryň we geologlaryň yhlasly, tutanýerli zähmeti netijesinde ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy, pudakda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň esasynda ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny berkidýändigi bellenilýär. Bu ugurda halkara derejedäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen, uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, halkymyzyň eşretli durmuşyna, geljek nesillerimiziň hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň abadançylygyna hyzmat etmegini gazanmak babatda öňde möhüm wezipeler durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlyk eden döwründe, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi we türkmen mawy ýangyjy dünýäniň ykdysady taýdan okgunly ösýän sebitine akdyrylyp başlandy. Taryha altyn harplar bilen ýazylan şol senäniň ýurdumyzda Nebitgaz senaga