"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Guşlar hakda

Bu ýazgylar guşlaryň durmuşyndan alnan, görlen we synlanan zatlar. Okap görüň, belki, guşlar baradaky, iň bolmanda, gürrüňi edilýän şu iki guş baradaky pikiriňizi üýtgedersiňiz! «Şäherli» garganyň hoz döwýän ýeri

Bitaraplyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň milli nusgasy

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Sizi we doganlyk türkmen halkyny milli baýram — ýurduňyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegi dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlugyň we köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, birek-biregi goldamak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berýär. Biz Siziň öňdengörüjilikli daşary syýasatyňyzy, sebit durnuklylygyny üpjün etmek, gatnaşyklarymyzy çuňlaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlaryňyzy goldaýarys.

Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Işewür duşuşmaga wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady, şeýle hem Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlag hatlary hem-de telegrammalar gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän ýurtlar, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändigi nygtalýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegi ata Watanymyzyň belent abraýynyň dünýä giňişligindäki ykrarnamasydyr. Hatlary we telegrammalary iberenler hormatly Prezidentimizi şanly baýram bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde üstünlikleri arzuw edýärler. Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa mähirli gutlady.

Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanyna baýramçylyk dabarasy

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy möhüm ähmiýetli taryhy wakadyr. Ol ýurdumyzyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna, ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Şu günki dabara hem milli we halkara ähmiýete eýe bolup, sebitde, bütin dünýäde parahatçylyk medeniýetini ilerletmegiň wajyp şerti hökmünde Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk döwletimiziň halkara gatnaşyklarda we daşary syýasatda ugur alýan esasy ýörelgeleridir. Geçen taryhy döwür Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi.

«Akylly» şäherde jaý toýlary tutuldy

Ýurdumyzda bellenilýän şanly baýramçylyklar mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilýän dabaralary täze şähere göçüp gelen maşgalalaryň jaý toýlary bilen utgaşdyrmak asylly däbe öwrüldi. Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralandyrylan günlerinde hem bagtyýar ildeşlerimiziň birnäçesine «akylly» şäherden jaýly bolmak bagty miýesser etdi. Şanly sene mynasybetli jaý toýlary ähli amatlyklar üpjün edilen, iki gatly jaýlardan ybarat bolan kottej toplumynda ýaýbaňlandyryldy. Dabara Arkadag şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimlikleriniň, beýleki edaralarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Medeniýet we sungat işgärleri joşgunly aýdym-sazly çykyşlary bilen täze jaýlara göçüp gelen maşgalalaryň şatlygyny has-da belende göterdiler. Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň eşretli durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda döwlet derejesinde uly alada edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Bitaraplygy — durnukly ösüşiň we abadançylygyň binýady

Narine SAAKÝAN,BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili. Gadyrly Türkmenistanyň raýatlary, hormatly kärdeşler we dostlar!

Ruhy gymmatlyklary sarpalap

Mälim bolşy ýaly, 11-nji dekabrda Gökdepe metjidinde sadaka berlip, oňa Milli Liderimiz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz, şeýle hem köp sanly ildeşlerimiz gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäginde mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna berlen bu sadaka halkymyzyň asyrlarboýy eýerip gelýän ruhy däp-dessurlarynyň, häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir güwäsine öwrüldi. Sadaka gatnaşan ýaşuly nesliň wekilleri ýürek sözlerini şeýle beýan edýärler:

«Ak ýol» — paýtagtlylaryň hyzmatynda

Golaýda paýtagtymyzyň gündogar böleginde, A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda durky täzelenen «Ak ýol» köpugurly bazarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri, hormatly ýaşulular, telekeçiler we paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly özgertmelerini beýan edýän aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Hoş owazly aýdym-sazlar açylyş dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Munuň özi ýurdumyzda tutumly toýlaryň guramaçylyk derejesine toplumlaýyn çemeleşilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Şöhratly geçmişiň ýaňy

Tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şatlykly wakalara, şanly senelere, hoş habarlara beslenýär. 25-nji noýabrda Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda zähmet rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgullanyp, şöhratly taryhymyz hakynda toplan maglumatlary esasynda döreden «Hakyda göwheri» atly täze eserini ýazyp tamamlandygy baradaky hoş habary hem-de täze kitabynyň ilkinji nusgasyny hormatly Prezidentimize sowgat bermegi taryhy ýylyň buýsançly wakalarynyň biri bolup, göwünlere ganat bekledi. Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän baý taryhy bar. Şöhratly geçmişimiziň janly şaýatlary bolan ýadygärliklerimiz, galalarymyz, keramatly ýerlerimiz türkmeniň gadymy taryhy barada dünýä ýaň salyp, gaýtalanmajak täsin keşbi, milli binagärlik aýratynlygy bilen göreni haýran edýär. Bu toprakda il-günüň aladasyny edip, beýik işleri bitiren, halkyň agzybir, erkin, ylymly-bilimli bolmagy ugrunda göreşen mert gahrymanlar, dana alymlar, zehinli şahyrlar ýaşap geçipdir. Baý medeni mirasy, taryhy gymmatlyklary özünde jemläp, milli medeniýetiň, sungatyň, döredijiligiň gülläp ösen, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýaşap geçen türkmen topragy geçmişde hem dünýäniň

Robot taslamalarynyň bäsleşigi

Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň guramagynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa Diýarymyz boýunça ýaşlaryň 272-si gatnaşyp, olaryň 181-si mekdep okuwçylaryndan, 91-si orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat. Bäsleşigiň çäklerinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň, bilim merkezleriniň hem-de robot tehnologiýasy we emeli aň tehnologiýasynyň üsti bilen bilim bermegiň aýratynlyklaryny, ösüş ugurlaryny açyp görkezýän sergi hem guraldy. Sergide birnäçe ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, «Imdat elektronika», «Gyrat», «Milli ulgam», «Dana», «Päk nesil» ýaly bilim merkezleriniň bu ugurdaky mümkinçilikleri we taslamalary, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçylarynyň taýýarlan robotlary tanyşdyryldy. Degişli meýilnama laýyklykda, ýaryşlar «Sumo robotlaryň bäsleşigi», «Labirint bäsleşigi», «Topar taslamalarynyň bäsleşigi» hem-de «Ak ýerde gara çyzyklar boýunça hereket edýän robotlaryň bäsleşigi» diýen ugurlar boýunça geçirildi. Oňa gatnaşyjylaryň geçen ýylkylardan has artandygy ýurdumyzyň ýaşlarynda robot tehnologiýalaryna bolan gyzyklanmanyň barha ýokarlanýandygynyň güwäsidir.

Ýaşlarda ekologik bilimi ösdürip

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ekologiýa dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň 70-e golaý ýokary okuw mekdebinden hem-de ýurdumyzdan jemi 500 talyp gatnaşdy. Olimpiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde ýaş alymlaryň we talyplaryň taýýarlan ylmy-taslama işleri bilen tanyşdylar. Dabarada çykyşlara giň orun berildi. Olarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler dünýä nusgalyk bolup, ýurdumyzyň bu ugurda halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlary umumadamzat ähmiýetlidir. Şunda ekologiýa syýasatyny ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, olaryň ekologik bilimlerini we endiklerini kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän halkara internet ekologiýa olimpiadasynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde wezipesini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrýan şanly sene — Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç KAMILOWA Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde hem-de ruhy ýakynlyk gatnaşyklary bilen bagly iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Hafizowiç Kamilowa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Size we doganlyk türkmen halkyna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň! Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň sebitde we halkara giňişlikde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmekde ägirt uly ornunyň bardygyna berk ynanýarys.

Belent ruhy ýörelgeleriň dowamatlylygy — Watanymyzyň rowaçlygynyň binýady

Ahal welaýaty, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi. Munuň özi halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgeleriniň, maşgala gymmatlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Sadaka Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daşary syýasy üstünlikler bilen garşy alynýan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýar geljegi, türkmen halkynyň abadan, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Arkadagym, Arkadagly Serdarym!

Mähriban Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly günlerimiziň gujagy toý-baýram. Özi-de biri-birinden şanly, şatlykly, şowhunly wakalar ömrüň her pursadyny gurşaýar. Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly dürdäne eserini iň arzyly sowgat hökmünde maňlaýymyza sylyp, kabul eden günlerimiz ýene-de bir hoş habarlara şatlykly pursatlara ulaşyp gitdi.